«Saglyk» döwlet maksatnamasy — ynsan saglygynyň goragynda

29 Iýul 2023
541

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygyny goramak, milli saglyk ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek bilen bagly uly işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda milli saglyk ulgamyny ösdürmegiň aýdyň ugurlary we öňde durýan wezipeleri kesgitlenildi. Netijede, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda uly üstünlikler gazanyldy.

Paýtagtymyz Aşgabatda, welaýat merkezlerinde öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk merkezleri, şypahanalar, ýöriteleşdirilen hassahanalar, derman senagaty kärhanalary, sport desgalary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Öňden hereket edýän saglyk merkezleriniň binalarynyň durky täzelenýär. Olaryň maddy-üpjünçilik ýagdaýy gowulandyrylýar. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny berkitmäge, dürli bejergileri geçirmäge, keselleriň öňüni almaga degişli giň şertler döredilýär. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň esasynda halkara ölçeglere laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamyny döretmek hem-de kämilleşdirmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Keselleriň öňüni almakda we döwrebap bejergileri geçirmekde gazanylan üstünlikler üçin Türkmenistana berlen halkara güwänamalar muňa doly şaýatlyk edýär.

«Saglyk».