Sagdyn nesil – sagdyn jemgyýet

28 Iýul 2023
314

Gahryman Arkadagymyzyň asylly tutumlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň dünýädäki sport abraýy artýar. Beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmekde mekdep okuwçylarynyň hem-de talyp ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryna uly üns berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, ýokary netijeli sporty ösdürmäge, ýaş nesli ählitaraplaýyn goldamaga uly ähmiýet bermek döwlet syýasatynyň möhüm ugrydyr. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeler hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Bedenterbiýe we sport babatynda döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny kesgitleýän «Bedenterbiýe we sport hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ilaty bedenterbiýe we köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş endiklerini wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler.

Toýly NARYÝEW,
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Polisiýa bölüminiň Serhetabat şäherçesiniň polisiýa bölümçesiniň müdiriniň dolandyryş işleri boýunça kömekçisi, polisiýanyň maýory.