Dag içiniň jenneti

26 Iýul 2023
378

«Bagabat» şypahanasyny başgaça atlandyrmak mümkinem däl. Ynha, görseň, çar tarapy daglyk, daş-töweregi baglyk, gül-gülälekli meýdany eýeläp oturan döwrebap binalar toplumy adybir jülgä aýratyn görk berip, gelene gujak açýar. Onuň giň derwezesinden ätläp, basgançaklardan aşaklygyna düşüp ugranyňdan, iki tarapdaky gür baglar, al-elwan güller göwnüňi göterýär. Şol pursat kalbyňda üýtgeşik duýgy döreýär. Şäher we oba durmuşyndan, öý-ojagyň hysyrdysyndan, iş-aladalardan, etsem-goýsamlardan daşlaşdyryp, rahatlyk, dynçlyk we keýpiçaglyk eçilýän pursatlar kalbyňy ýakymly duýgulardan püre-pürleýär. Jenneti mekanyň goýnunda geçirilen günler ömrüňe ömür goşýar.

Diýarymyzda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş ugruna degişli täze düzümler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Hereket edýän şypahanalaryň döwrebap enjamlaşdyrylyşy, olarda ýola goýlan hyzmatlar dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Öňden bar bolan şypahanalaryň üstüni ýetiren, täze usullarda işleýän «Bagabat» şypahanasynyň mysalynda-da muňa aýdyň göz ýetirýärsiň. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda açylan şypahananyň işläp başlanyna eýýäm üç ýyl bolup barýar.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.