Saglyk — başymyzyň täji

25 Iýul 2023
497

Hormatly Prezidentimiz saglygy goraýyş ulgamynda giň göwrümli işleri amala aşyrýar. Ýurdumyzyň gözel künjeklerinde bina edilýän häzirki zaman lukmançylyk merkezleri, şypahanalar, hassahanalar hem-de saglygy goraýyş maksatly beýleki desgalar hem milletiň saglygyny goramak babatda durmuşa geçirilýän işleriň güwäsidir.

Biz — arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň lukmanlarydyr işgärleri-de döwrebap şertlerde zähmet çekýäris we öňümizde duran wezipelere hötde gelmekde yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Kärhanalarda, jemgyýetçilik iýmiti desgalarynda, önümçilik ýerlerinde arassaçylygyň, sanitariýanyň talaplarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik edýäris, iýmit zäherlenmesiniň öňüni almakda degişli işleri alyp barýarys.

Gündogdy SOPYÝEW,
Ahal welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň iýmit gigiýena bölümçesiniň müdiri.