Zäk we onuň peýdasy

25 Iýul 2023
1703

Zäk — bu alýuminiý, kaliý, demir hem-de şonuň ýaly aşgarly metallaryň ikili kömürturşy duzy bolup, reňksiz kristal görnüşindedir. Dürli himiki jisimleriň birikmesinden emele gelen ýiti ajymtyk turşy mineraly aňladýan zägiň beýleki türki dillerde: şap (türk), zäý (azerbaýjan), asywtaş (başgyrt), aşuwtaş (gazak), ajyktaş (gyrgyz), aşutaş (garagalpak), aççiktaş (özbek), açutaş (tatar), zämçä (uýgur) görnüşlerde aýdylýandygyny belli alym Soltanşa Atanyýazow «Türkmen diliniň sözköki sözlügi» kitabynda belleýär.

Zäk ajy bolsa-da, tebipçilikdir lukmançylykda has irki döwürlerden bäri ulanylypdyr. Halk tebipçiliginde zäk agyz boşlugyndaky we bedendäki ýaralary bitiriji serişde, içgeçmäni, deridäki kesikleri we gijilewügi bejermekde melhem hökmünde belli bolupdyr. Belli alym lukman Abu Aly ibn Sina «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary» kitabynda zägiň agyz we beýleki ýaralary bejermekde peýdalydygyny, köýdürilen zägiň bir bölegini, süýji buýan köküniň we zagpyranyň — hersiniň ýarty bölegini bal bilen garyp ýasalan kökejigi ulanmak bilen diş etinden we diş arasyndaky etlerden döreýän agyz porsamasyny aýryp bolýandygyny belleýär.

Gurbangeldi MAŞADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.