Sagdynlygyň gözbaşy we Gün şöhlesiniň täsiri

25 Iýul 2023
812

Ýurdumyzda her bir çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagy, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ähli şertler döredilendir. Ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli bolmaklary üpjün edilýän, dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän çagalar baglary, orta okuw mekdepleri, sport desgalary, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri muňa şaýatlyk edýär.

Asman päkligi ýaly päkize çagalary aýratyn söýgi, alada bilen gurşamak türkmenleriň gadymdan gelýän däpleriniň biridir. Ýaş nesillerimiz döwletimiziň geljekki daýanjydyr, jemgyýetimizi ösdürjek şahsyýetlerdir. Şonuň üçin olar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimiziň alada bilen gurşalyp alynmagy, sagdyn, şadyýan ösüp-ulalmagy, bilimli, terbiýeli, zähmetsöýer bolup ýetişmegi ugrunda alnyp barylýan işler muňa şaýatlyk edýär.

Jeren JUMAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 5-nji saglyk öýüniň baş lukmany.