Ynsanperwerligiň belent nusgasy

24 Iýul 2023
557

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy dürli sebäplere görä ene-atadan jyda düşen çagalaryň saglygyny goramaga, olaryň mynasyp bilim almagyna, durmuşda öz ornuny tapmagyna ýa-da hossarlary bar bolsa-da, saglygyny bejertmekde goldawa mätäçleriň aýaga galmagyna gönükdirilen sogap işleri amala aşyrýar. Ýakynda Aşgabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde Lebap welaýatynyň ýaşaýjysy 5 ýaşly Atajan Şöhradowa Pemberton usuly bilen Türkmenistanda ilkinji ortopedik operasiýa üstünlikli ýerine ýetirildi. Çaganyň ýagdaýy kanagatlanarly. Operasiýanyň geçirilmegi üçin zerur enjamlar toplumynyň gazna tarapyndan merkeze sowgat edilendigi bellärliklidir.

Ýatlap geçsek, saglygy goraýyş ulgamynda innowasion tejribeleri ornaşdyrmagyň, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde geçen ýylyň 18 — 25-nji maýy aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Mýunhen şäheriniň «Dritter Orden» klinikasynyň doktory, professor Winsent Frimberger ýurdumyzda iş saparynda bolup, ýokarda agzalan ylmy-kliniki merkezde ýerli hünärmenler bilen çanaklyk-but bognunyň çylşyrymly kesellerinde geçirilýän Pemberton usuly boýunça ortopedik operasiýany geçirmegiň inçe usuly boýunça tejribe alyşdy. Bu usul lukmanlarymyz tarapyndan üstünlikli özleşdirilýär.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.