Sagdynlygyň berk binýady

23 Iýul 2023
570

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly işler amala aşyrylýar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda ulgamyň ileri tutulýan ugurlaryna we ilatyň saglygy goraýyş hyzmatyna bolan isleginden ugur alynýar.

Maşgala lukmanlaryny bildirilýän talaplara görä taýýarlamak we olaryň ilata ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş kömegini bermegini gazanmak maksady bilen, ýokary okuw mekdebimizde diplomdan öňki taýýarlyk tapgyrynda guramaçylyk işleri amala aşyrylýar. Uniwersitetimizde häzirki zaman lukmançylyk biliminiň talaplaryna laýyklykda okuw maksatnamalaryna we meýilnamalaryna yzygiderli seredilip, olaryň mazmuny baýlaşdyrylýar. Keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň iň täze we kämil usullary bilen birlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitaplaryndaky tebigy serişdeler baradaky maglumatlar, şol sanda dermanlyk ösümlikleriň, jana şypaly suwlaryň ähmiýeti, lukmançylyk mirasymyzyň ylmy taglymatlary giňden öwrenilýär.

Esenmyrat ANNAMYRADOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň saglygy goraýşyň guralyşy, dolandyrylyşy we ykdysadyýeti kafedrasynyň müdiri.