Bedeni suwsuzlykdan goraň!

20 Iýul 2023
416

Tomus aýlarynda howanyň yssydygy sebäpli adam bedeni suwy köp ýitirýär we ýitirilen suwuň öwezini dolmak üçin bedeniň suwa bolan talaby ýokarlanýar. Bedene ýeterlik suw kabul edilende çyglylyk derejesi saklanýar we ony guraklykdan goraýar. Suw içmegiň kadalary doly we dogry berjaý edilende, suw bedene doly siňýär we bedendäki biologik hadysalaryň üznüksiz amala aşmagyny üpjün edýär. Adam bedeni yzygiderlilikde suw kabul etmese, suwsuzlykdan tapdan düşüp başlaýar. Günüň dowamynda 2,5-3 litr suwuklygy, ýagny miwe şiresini, gaýnatmalary, çaý, arassa agyz suwuny, gaýnadylan suwy, limon garylan arassa agyz suwuny ýa-da itburundan taýýarlanan melhemleri içmek maslahat berilýär. Howanyň jokrama yssysynda wagtly-wagtynda suw içilmese, bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanyp, ganyň goýalmagyna getirýär. Dürli keselleriň ýüze çykmagyna getirýär. Bedeniň öte derlemegi, bedendäki suw deňagramlylygynyň bozulmagy ganyň lagtalanmagyna hem-de ýürek-gan damar ulgamynyň işiniň bozulmagyna getirýär. Netijede, insult, infarkt keselleriniň ýüze çykmak ähtimallygy ýokarlanýar.

Öýden çykylanda, hökman ýanyň bilen arassa agyz suwuny ýa-da gaýnadylan suwy almaly. Esasan hem çagalara dürli gurnaklara gidenlerinde ýa-da daşarda oýnanlarynda ýanlary bilen suw berip goýbermegi unutmaň. Çagalara açyk howdanlardan, ýaplardan, derýadan, kölden, çeşmelerden suw içmegiň saglyk üçin howpludygyny düşündirmeli. Çagalara diňe gaýnadylan suw içmelidigini  berk tabşyrmaly. Içgeçme, sary getirme ýaly ýokanç keselleriň köpüsi hapa suwlaryň we hapa elleriň üsti bilen geçýär. Içilýän suwuň arassalygy we hili barada yatlasak, onda gaýnadylan suwuň adam saglygyna peýdalydygyny aýratyn bellemek gerek. Gaýnadylan suw dürli ýokanç keselleriň, esasan hem içege ýokanç keselleriniň öňüni almaga ýardam berýär. Gaýnadylan suw adamyň suwsuzlygyny gandyrýar, fiziki işjeňligini ýokarlandyrýar hem-de kesellere garşy göreşijilik ukybyny pugtalandyrýar. Arassa agyz suwuny ýa-da gaýnan suwy içmegi gazanmak bilen, biz çagalarymyzy we maşgala agzalarymyzy dürli ýokanç kesellerden gorarys. Bu düzgünleri berk berjaý etmegi her birimiz gazanmalydyrys.

Abadan BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri.