Günüň ýiti şöhlesinden goranalyň!

20 Iýul 2023
604

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy adamlaryň özüni alyp barşynda käbir kadalara has ünsli bolmagyny hem-de olary berk berjaý etmegini talap edýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, sagat 18:00-dan soň, daşary gezelenje çykyp bolar. Daşary çykylanda, möwsüme görä (açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri) geýinmek, kellä Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, gözleri goraýan gara äýnek dakynmak, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.