YSSY GÜNLERDE ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ DÜZGÜNLERI

12 Iýul 2023
556

Janyň-teniň sag bolanda ajaýyp durmuşyň höziri has çuňňur duýulýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz  «Saglyk – sag adamlaryň başyndaky altyn täçdir», «Süňňüň sagatlygy iň uly nygmatdyr» diýip, muňa uly ähmiýet beripdirler. Ýylyň möwsümlerine görä geýinmek hem-de iýmitlenmek hem saglygymyzy berkitmegiň we goramagyň bir ýoly bolup durýar. Tomus paslynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmak hemmämiziň saglygymyz üçin hökmanydyr. Yssydan goranmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek bilen biz saglygymyzy gorap bileris.

Her bir adam tomus paslynda dynç alyşlara, gezelençlere gidende, işlände, açyk howada gezelenç edende Günüň ýiti şöhlesinden, ýagny Gün urmasyndan goranmagy başarmalydyr. Açyk meýdanlarda Günüň astynda zähmet çekýänler muňa has-da ünsli çemeleşmeli. Tomsuň yssy günlerinde 2 ýaşyna çenli çagalara, ýarawsyz we gartaşan adamlara sagat 09.00-dan 18.00-a çenli açyk Günüň aşagynda gezmek maslahat berilmeýär. Yssy howada köçede köp wagt geçirmekden gaça durmaly, kölegeli ýerlerde, ýapyk binalarda bolmaga çalyşmaly. Irden sagat 9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, ýagny sagat 18:00-dan soň gezelenç etmek bolar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň maglumatlary esasynda.