Gün urmasyndan goranyň!

12 Iýul 2023
348

Tomusda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagynyň netijesinde, Gün aşa gyzyp, onuň ýaramaz täsirleri bildirip başlaýar. Tomsuna Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly. Şonuň üçin yssy günlerde Gün urmasyndan ägä bolmaly. Howanyň gyzgyn mahaly uzak wagtlap daşarda gezilende Gün urýar. Howanyň aşa gyzan wagty zerurlyk bolmasa, daşarda gezmeli däl. Ylaýta-da, çagalary, uly ýaşly adamlary aýratyn goramaly. Günden goraýan serişdeleri ulanmaly, kellä ak başgap geýmeli ýa-da ýaglyk daňmaly, saýawan götermeli, egin-eşikler hem açygyrak reňkde bolsa gowy. Gün ursa kelläň agyrmagy, gyzgynyň galmagy, essiň aýylmagy, ýüregiň bulanmagy, gan basyşyň beýgelmegi we gaýtarmak ýaly alamatlar bolýar. Eger-de şeýle ýagdaý ýüze çyksa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we ilkinji kömegi bermeli. Ejir çekeni salkyn ýa-da kölege ýere geçirmeli, ýüzüne suw sepmeli, suw içirmeli, egin-eşiklerini ýeňletmeli, maňlaýyna çyg mata, uly damarlaryň geçýän ýerlerine sowuk suwa ezilen ýapgy goýmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.