Sagdyn iýmit — sagdyn beden

12 Iýul 2023
424

Tomus paslynyň gelmegi bilen, ilatyň arasynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň, iýmit zäherlenmeleriniň döremeginiň öňüni almak babatda gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär. Iýmit senagaty, jemgyýetçilik iýmiti we azyk söwda kärhanalarynda, bazarlarda, mekdebe çenli edaralarda, mekdeplerde, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde sanitariýa-epidemiologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda zerur çäreler alnyp barylýar. Iýmit önümleriniň daşalyşyna, saklanylyşyna, satylyşyna bildirilýän talaplary berjaý etmek has derwaýysdyr.

Söwda desgalarynda azyk önümleriniň hili we howpsuzlygy boýunça kadalaşdyryjy we tehniki resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän, şeýle hem olaryň gelip çykyşyny, hilini we adamyň saglygy üçin howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalar bolmalydyr.

Almagül ADAÝEWA,
Boldumsaz etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň arassaçylyk-gigiýena bölüminiň müdiri.