Erik

12 Iýul 2023
532

Erik agajy yssy we gurak howa çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň ýabany görnüşleri hem bar. Olar sibir we manjur erigi görnüşinde duş gelýärler.

Bu köpýyllyk ösümligiň irki, aralyk we giçki ýetişýän sortlary bar. Erigi şäniginden we sapmak usuly bilen köpeltmek bolýar. Ekilenden soňra 3-5 ýyldan hasyla durýar we agrotehniki talaplara laýyklykda ideg edilende, her ýyl oňat hasyl bermäge ukyplydyr. Derýalaryň jülgelerinde, daşly, çagylly ýerlerde ösmegi halaýar. Mart, aprel aýlarynda gülleýär. Onuň boýy 5-8 metrden 12-15 metre çenli bolup, 40-60 ýyl ýaşap bilýär.

Ogulhally Amanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik synag merkeziniň ylmy işgäri.