Datly miweleriň bagbany

12 Iýul 2023
931

Türkmen topragy berekedi bolluk bilen eçilýär. Günüň ýiti şöhlesine bişip ýetişýän miweleriň, ir-iýmişleriň, gök-bakja ekinleriniň tagamy başgadyr. Keseniňde tarsyldap ses edýän gawundyr garpyzlary, lowurdap duran üzümdir almalary dadyp görenler olaryň süýji tagamyna haýran galýarlar. Türkmen şeýle baldan süýji miweleri, bakja önümlerini ösdürip ýetişdirýän, bu babatda baý tejribe toplan halk. Ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümlerimiz tutuş dünýäde-de giňden bellidir. Bu gün türkmen topragynyň dag-düzleri ýylsaýyn gözelleşýär, ýurdumyz bagy-bossanlyga bürenýär. Şol ýaşyl bossanlygy döretmäge türkmen telekeçileri hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şolaryň biri-de Ahmet Jumabaýewdir.

Ýeterlik iş tejribesi bolan bu telekeçiniň Bäherden etrabynyň Magtymguly we Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşikleriniň çäginde 500 gektar meýdanda miweli bagy bar. Şonuň 300 gektara golaýynda bol miwe hasyly ýetişdi.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».