Hossarly, howandarly nesiller

11 Iýul 2023
329

Durmuşda her bir ene-ata öz perzendini il hataryna goşmak, jemgyýetde öz ornuny tapmak, onuň kämil şahsyýet bolup, durmuş ýoluna düşmegini gazanmak ýaly süýji aladalar bilen ýaşaýar. Bu günki gün ýurdumyzda her bir çaganyň döwlet tarapyndan şeýle alada-üns bilen gurşalmagy olaryň gursagynda ertirki aýdyň durmuş ýoly baradaky uly umydy döredýär. Sebäbi ýaş nesilleriň arkasynda dag ýaly döwlet bar!

Geliň, bir pursatlyk ýaşlygymyza dolanyp göreliň. Ýaňy ýörjen-ýörjen bolup ýören wagtlarymyz öz käbämiziň hamraklygyna öwrenişenimiz üçin ol sähel salymlyk seni birine tabşyryp, gözýetimden ýitýär welin, damagymyz dolup, «Niredekä ejem?» diýen düşünje bilen gözümiz ýoldadyr. Sebäbi ejeň ýakynyňdaka, sen hossarlysyň, ol seni mähir-muhabbet bilen gurşaýarka, dünýäde senden arkaýyn ynsan, megerem, ýokdur. Şeýle pursatlarda begenjiň çägi bolmaz. Kakaň işden geldigi dagy öňünden ylgap çykyp, gujagyna özüňi oklaýarsyň. Heý, şulardan uly bagt bolarmy?! Dogrusyny aýtsaň, durmuşy olarsyz göz öňüne getirip bolmaýar.

Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak».