Skandinaw ýörişi

11 Iýul 2023
580

Her bir ynsan, ýaşyna garamazdan, elmydama hereketde bolmalydyr. Hereketiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygyňy, işe ukyplylygyňy, immunitetiňi berkidýär. Pyýada ýöremeklik bolsa bedenterbiýäniň iň bir giňden ýaýran görnüşi bolup, ynsanyň tutuş süňňüne doly ýazgynlyk berýär. Ýaşy durugşan adamlara pyýada ýöremeklik has hem wajypdyr. Çünki organizmiň garramagy netijesinde iýmit-alyş çalşygy peselip, köp halatlarda adam semräp başlaýar. Semizlik bolsa birnäçe ýoňlaryň başlangyjy bolup bilýär.

Soňky döwürlerde dünýäde giňden ýaýran skandinaw ýörişi ýaşuly nesil üçin iň bir peýdaly türgenleşik hasaplanylýar. Eger-de uzak aralyga pyýada ýörelende egindir oňurga agram düşýän bolsa, onda skandinaw ýörişinde adam özünde hiç hili ýadawlyk duýmaýar. Fiziki işjeňligi ösdürýän bu ýörişiň ýörite taýaklaryň kömegi bilen ýörelýän aýratynlyklary bar. Skandinaw ýörişi adaty ýörişlerden tapawutlylykda bedeniňdäki myşsalaryň segsen göterimini herekete getirýär. Ýörişiň bu görnüşinde adamyň tutuş bedeni hereket edýär. Netijede bolsa adaty ýöremekde hereketlenmeýän beden agzalarynyň hem işjeňligi artýar. Lukmanlar skandinaw ýörişi bilen üç aýlap meşgullanan adamyň myşsalarynyň ozalkysyndan kyrk göterime golaý güýçlenýändigini aýdýarlar.

Eziz KAKALYÝEW,
Ahal welaýat ýöriteleşdirilen inçekesel hassahanasynyň baş lukmany.