Gün şöhlesi

11 Iýul 2023
634

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus medeniýetli dynç alşyň gyzgalaňly döwrüdir. Gün şöhlesiniň, seleň howanyň, dury, arassa suwuň adam saglygy üçin peýdasynyň örän uludygy hemmä mälimdir. Gün şöhlesi ýerlikli peýdalanylanda, bedeniň gorag (immun) ulgamyny pugtalandyrýar. Ultramelewşe şöhleleriniň diş we süňk üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna täsiri uludyr. Ýöne Günüň aşagynda çakyndan artyk gezilmegi, durulmagy, işlenilmegi adamyň saglyk ýagdaýynda dürli bozulmalary döredip biler.

Gün urmak — bu aşa yssy günlerde Gün şöhlesiniň täsiri netijesinde kelle-beýnä zeper ýetmegidir. Öte gyzma — bu howanyň gyzan döwründe Günüň aşagynda uzak wagtlap bolunmagy sebäpli, bedeniň aşa gyzmagynyň netijesinde merkezi nerw ulgamyna zeper ýetmegidir. Munuň sebäbi bedeniň suwy, mineral duzlary ýitirmegi we ýylylygy dolandyrýan, kadalaşdyrýan ulgamlaryň bozulmagy bilen baglydyr. Gün urmasy ýüze çykan ýagdaýynda bedeniň deri örtügi gyzarýar, guraksylanýar, ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, ýüregiň çalt urmagy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlama ýaly hadysalar ýüze çykýar. Bedeniň gyzgyny ýokarlanýar. Adam öte gyzma sezewar bolan ýagdaýynda hem Gün urandaky ýaly alamatlar ýüze çykýar.

Güljemal KAIROWA,
Aşgabat şäherindäki 9-njy saglyk öýüniň çagalar bagynyň lukmany.