Işleri ileri kärhana

7 Iýul 2023
1006

Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki «Lälezar zaman» hususy kärhanasy gurluşyk we plastik önümleri öndürmegi sebitde ilkinjileriň hatarynda ýola goýdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan bu kärhananyň önümçiligi iki bölümden ybarat bolup, olarda bir gezek ulanylýan plastik gaplar hem-de gurluşyk önümleri öndürilýär. Plastik önümleri bölümi täze tehnologiýaly, ýokary hilli enjamlar bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde, esasan, daşary ýurtlarda iş tejribesini geçen ýaş hünärmenleriň 100-den gowragy zähmet çekýär. Häzirki wagtda dürli ölçegdäki plastik önümleriň 30-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Ekologik taýdan arassa, bir gezek ulanylýan gaplar süýt, gatyk we beýleki azyk önümlerini saklamaga niýetlenen. Hususy kärhananyň önümleriniň ýerli çig malyň hasabyna öndürilýändigini aýratyn bellemek gerek. Has takygy, zerur çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan hem-de Gyýanlydaky polimer zawodyndan getirilip, gaýtadan işlenilýär.

Gurluşyk önümleri öndürilýän bölümde hem işler sazlaşykly ýola goýlupdyr. Işçiler asma petikleri, plintuslary, tuty karnizlerini, asma profilleri, kabel geçirijilerini öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Häzirki wagtda bu ýerde asma petikleriň üç ýüzden gowrak, asma profilleriň, plintuslaryň bolsa bäş görnüşi öndürilýär. Tuty karnizleriniň iki we üç zolaklysy, plastik kabel geçirijileriniň alty ölçegdäki görnüşleri taýýarlanylýar. Polimer listlere diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarlarda-da isleg uly. Sebitde ilkinjileriň biri bolup polimer listleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy kärhananyň gazanan esasy üstünlikleriniň biridir. Bu önüm berk we amatly, ekologik taýdan arassa bolmak bilen, gurluşykda agaç önümleriniň ýerini tutmaga-da ukyply. Öndürilýän önümleriň hil derejesi we ygtybarlylygy barlaghana bölüminde yzygiderli gözden geçirilip, gelip gowuşýan sargytlar boýunça degişli ýerlere ugradylýar. Kärhana öz önümlerini Owganystan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Fransiýa, Germaniýa ýaly ýurtlara eksport edýär.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).