«Aýbölek» — Aýa, Güne taý bölek

26 Iýun 2023
740

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini barha ýokarlandyrmak maksady bilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda kabul edilýän milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly desgalardyr binalar, ýaşaýyş jaýlary, orta mekdepler, çagalar baglary, sport toplumlary, lukmançylyk we saglygy goraýyş edaralary yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Durmuş ähmiýetli gurulýan binalary zerur bolan döwrebap mebeller bilen üpjün etmek bolsa mebel önümçiligine ýöriteleşen telekeçileriň paýyna düşýär. Biz hem şeýle jogapkärçiligiň hötdesinden gelýän türkmen mebel senagatynyň öňbaşçysy — «Aýbölek» mebel kärhanasynyň baş direktory Meretmuhammet TÄÇMUHAMMEDOW bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Söhbetdeşligi taýýarlan: Sülgün Nepesowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy.