Lagly-merjendir boýnunda...

24 Iýun 2023
1317

Köplenç ýagdaýda şaý-sepler ýasalan wagty, onuň berkligi üçin goşulýan goşundylary bolýar. Şol sebäpli hem olar wagtyň geçmegi bilen garalmaga başlaýar. Bu şaý-sepler howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagy, ýagny şaý-sepleri hammamda, suwa düşülýän ýerlerde, açyk Gün şöhlesiniň düşýän ýerlerinde dakynanyňda ol garalyp biler.

Şaý-sepler kosmetiki hem-de hojalykda ulanylýan himiki serişdeler bilen galtaşanda, şeýle hem hlorly suwda garalýar. Bu önümler ýoda ýanaşdyrylanda-da, onuň ýokary gatynda çal yzlar döreýär. Şol sebäpli şaý-sepleri özünde köp mukdarda ýod saklaýan suwlardan daşda saklamaly. Aslynda, şaý-sepleri içi ýumşak örtükli gutularda saklamak maslahat berilýär.

Ogulmaýsa AMANMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.