Täleýnama Ýyldyzlar näme diýýär? Iýul 2023

24 Iýun 2023
3043

HAMAL Guzy 21.03 — 20.04

Bu döwürde hamallaryň gujur-gaýraty we özlerine bolan ynamy artar. Iýul dynç almak, syýahata gitmek üçin örän amatly pursat. Eger-de dynç alşa gidip bilmedik ýagdaýyňyzda hem gynanyp oturmaly däldigini ýyldyzlar ýatladýar. Bu döwürde siziň öýüňiziň şatlyk-şowhuny, asudalygy artyp, özüňizi ruhy taýdan rahat duýarsyňyz. Şahsy meselelerde, hyzmatdaşlykda hem-de maşgala gatnaşyklarynda size täze özgertmeler garaşýar. Tomsuň ortaky aýynda siz iş meselelerinde hyzmatdaşlyk saklaýan ýakynlaryňyza bil baglap bilersiňiz. Bu aý siziň üçin uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirmekde maksatnamadyr meýilnamalary düzmekde örän amatly döwür bolup biler. Aýyň ahyrynda durmuşyňyzda ozal goýberen säwlikleriňiz ýüzüniň ugruna düzeler.