Ylym. Önümçilik. Telekeçilik

19 Iýun 2023
1025

Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň düzüminde Telekeçiligi ösdürmek merkezi hereket edip başlady. Merkeziň esasy maksady «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan kadalardan ugur alyp, hususy işewürler bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmakdan ybaratdyr. Häzirki wagtda merkezde hususy kärhanalar üçin şertnamalaýyn işleri we mahabat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ýola goýuldy. Geljekde bolsa şeýle hyzmatlaryň gerimini has-da giňeltmek maksat edinilýär.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilik milli ykdysadyýetiň düzüminde mynasyp ornuny eýelemek bilen, ýurdumyzyň ösüşiň has ýokary sepgitlerine ýetmegine kuwwatly itergi berýär. Döwletimiziň gülläp ösmegini we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagyny üpjün etmek üçin zerur şertleri döredýär. Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalarda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde telekeçilik gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolandyrylyşyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp edijiler üçin haryt bolçulygynyň artmagy hususy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi yzygiderli güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň, olary hil taýdan kämilleşdirmegiň, nyrhlaryny pese düşürmegiň esasy serişdesidir.

Muhammetýar ANNADURDYÝEW,
TYA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň Telekeçiligi ösdürmek merkeziniň esasy hünärmeni.