Hiliň kepili — esasy ýörelge

25 Aprel 2023
1005

Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Ahal welaýatymyzda-da hususy pudagyň wekillerine degişli innowasion häsiýetli senagat kärhanalarynyň onlarçasy hereket edýär. Bu gün üstünlikli işleri alyp barýan şeýle kärhanalaryň hatarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Täç hil» hususy kärhanasyny agzamak bolar.

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki senagat zolagynda ýerleşýän bu kärhananyň häzirki zaman döwrebap önümçilik binasy 2019-njy ýylyň iýunynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berlipdi. Ýurdumyzda telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek, orta we kiçi telekeçiligi goldamak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümleri öndürmek we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak ugrunda döredilýän şertlerdir mümkinçilikler, hususy pudagyň wekillerine berilýän goldaw-hemaýatlar netijesinde geçen döwrüň içinde kärhananyň işiniň gerimi has-da giňäp, öndürýän önümleriniň görnüşleri artdy.

Aýdo ŞEKEROW,
«Ahal durmuşy». Surata düşüren awtor. SURATLARDA: kärhananyň iş pursadyndan görnüşler.