Telekeçiler — ýurdumyzyň altyn gaznasy

19 Aprel 2023
1102

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, tutumly maksatlary barha rowaçlanýar, bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşy, ýurdumyzyň döredijilik kuwwaty täze belentliklere göterilýär. Bu ösüşlerde hususy pudagyň uly paýy bar. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy jemi içerki önümiň möçberinde hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň paýyny tapgyrlaýyn artdyrmagy göz öňünde tutýar. 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi kuwwatly işewürlik birleşmesi bolup durýar. Bu birleşme milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ençemesinde işleri amala aşyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Diýarymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze önümçilikleri ýola goýmakda, bazar bolçulygyny döretmekde, iş üpjünçiliginde hususy pudaga möhüm orun degişlidir. Türkmen telekeçileri halkara derejede-de ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler, döwletimiziň abraýyny has-da belende göterýärler.

Ýurdumyzyň hususy işewürliginiň müňlerçe wekilini özünde jemleýän bu birleşme ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk bölegini ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Birleşmäniň agzalary ýurdumyzda azyk we haryt bolçulygynyň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine saldamly goşant goşýarlar. Diýarymyzda işleýän ilatyň aglaba böleginiň ykdysadyýetiň hususy pudagynda zähmet çekýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň önümçiliklerini barha işjeň ýola goýýarlar.

«Esger».