Köpugurlylyk, täzeçillik we ýokary hil

10 Aprel 2023
809

Diýarymyzda azyk önümlerini öndürýän, önümleriniň köpdürlüligi bilen tapawutlanýan hususy kärhanalaryň sany barha artýar. Şolaryň biri-de «Parahat» hususy kärhanasydyr. Şu ýyl döredilmegine 30 ýyl dolýan kärhananyň önümleri diňe bir milli bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda-da uly islegden peýdalanýar. Biz hem kärhananyň söwda bölüminiň operatory Güljemal Geldimyradowa bilen söhbetdeş bolup, onuň bu ýerde alnyp barylýan işler barada beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.

— Hususy pudagyň bir ülşi hökmünde, «Parahat» hususy kärhanasy 1993-nji ýylda işewürlige şöhlat önümçiligi bilen başlady. 2013-nji ýylda dürli görnüşli miweli içgiler, 2017-nji ýylda pomidor goýaltmasy, 2018-nji ýylda süýt we süýt önümleri, 2022-nji ýylda bolsa süýjülik önümleri bilen haryt görnüşleriniň üsti ýetirildi. Mundan başga-da, çagalar üçin niýetlenen pýureleriň onlarça görnüşini ilata hödürleýäris. Bu ugurda öz işine ussat işçi-hünärmenlerimiziň 300-den gowragy döredijilikli zähmet çekýär. Kärhanamyz 2012-nji ýylda Şweýsariýanyň «Tetra Pak» kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy we 2013-nji ýyldan miwe şiresini öndürmäge başlady. Döwrebap tehnikanyň önümçilige ornaşdyrylmagy netijesinde, aseptik gaplara gaplanan «Joş» atly milli haryt nyşanly miweli içgileri müşderilere hödürledik. Ýörite niýetlenen gaplar önümiň tiz zaýalanmagynyň öňüni almak bilen birlikde, uzak wagt saklanmagyny hem şertlendirýär. Tebigy çig maldan taýýarlanylýan gaplarda «Däp» haryt nyşanly süýt we süýt önümleriniň önümçiligini hem ýola goýduk. Ýeri gelende, bu kompaniýanyň «Parahat» hususy kärhanasynyň maýa goýujysydygyny-da bellemek isleýärin.

Ýazga geçiren Jumageldi SALAMOW.
«Türkmenistan».