''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Makalalar

«MÄHIRLI» IŞDÄAÇARY

Güýz paslynda howanyň salkynlap başlamagy bilen, işdäaçarlara bolan isleg has-da artýar. Olary taýýarlamak üçin öý bikelerimiz hemişe taýýar. Emma muňa garamazdan, işdäaçar näçe çalt taýýar bolsa, şonça-da wagt tygşytlanýar. Şonuň üçin žurnalymyzyň bu gezekki sanynda taýýarlamasy kyn bolmadyk «Mähirli» işdäaçarynyň taýýarlanyşyny size ýetirmegi makul bildik. «Mähirli» işdäaçary hem lezzetli, hem ýokarda belleýşimiz ýaly, çalt taýýarlanylýan işdäaçardyr. Munuň üçin gündelik ulanylýan önümler ýeterlikdir. Işdäaçarymyzy taýýarlamak üçin ilki bilen ter hyýary, gaýnadylan ýumurtgany we şöhlaty kiçijek dörtburç şekilde dogramaly. Olaryň üstüne süýri edip dogralan peýniri we konserwirlenen nohudy goşmaly. Soňra garyndynyň üstüne islege görä duz we maýonez goşup garmaly. Taýýar bolan işdäaçar günüň islendik wagtynda hem bereketli saçagyňyzyň bezegi bolar. Işdäňiz açyk bolsun!

«Ýaş waspçy»

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan eden «Ýaş waspçy» atly döredijilik bäsleşiginde «Sanly ulgam: Amatlylyk. Ygtybarlylyk. Döwrebaplyk.» atly makalasy bilen žurnalyň onunjy sanynyň ýeňijisi.

«Ýaşlar – ýurduň geljegi, ýaşlyk – ömrüň gülşeni» atly döredijilik bäsleşigine

ÝAŞLAR Telwas urýan ýigit köňlüm bir guşdur,

ÇÖREK MUKADDESLIGI

Her bir halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda onuň ýaşaýyş terzi, durmuş filosofiýasy şöhlelenýär. Muňa halkymyzyň çörek hem-de tamdyr bilen baglanyşykly milli däp-dessurlaryny içgin öwrenenimden soň has aýdyň göz ýetirdim. Ýadymda, şol mahallar heniz gulpagym örüme-de ýetmeýän gyzjagazdym. Enemiň tamdyrdan çykaran Güne meňzäp duran mele-myssyk çöreginiň ýüzündäki dürtgüç yzlaryny synlap oturşuma, çöregi dürtgüç bilen dürtmegiñ näme manysynyň bardygy bilen gyzyklandym. Enem adaja ýylgyryp, gürrüň bermäge başlady.

ÝAÝ GANATYŇ, KEPDERI! (oýlanma)

«Ýaý ganatyň kepderi,/begenje besle seri» — diýen setirleri kalbymda aýlap durşuma giň Asmanyň goýnunda ganat ýaýyp duran kepderileri synlap esli salym durdum. Mekdepde birinji ýa ikinji synpdym, anyk ýadyma düşenok, aýdym sapagynda mugallym bize: Akja kepderim,

HASAP WE NETIJE

Adamlar şeýle bir hasapçyl bolupdyr. «Hasaply dost uzaga gider» diýilýär, hernä şeýle bolsun‐da, ýöne bu hasaplardaky dostlugyň garasyny görmek we ýürekleri barlamak üçin iň soňky enjamly mikroskoplary ulanaýmasaň, adaty gözüň aldap, arassa duýgunyň hem ýalňyşdyraýmagy mümkin. Okuwçy döwrümiz hasap mugallymymyz «Adamyň bir güni hem hasapsyz geçmeýär. Biziň her bir aýdýan, aňlaýan zadymyzda hökman sanlar ulanylýandyr» diýerdi. Ondan bäri ýyllar geçdi. Dogrudan hem, sansyz‐hasapsyz gün ýok eken. Hasapsyz zat hem ýok eken. Ýöne, käbir adamlaryň hasaby welin, egnimizdäki perişdeleriň hasap depderinden hem has galyň görünýär. Olar ömürlerinde bolan her bir öýkäni, kinäni özleriniň nähak düşünendigine garamazdan, şo-ol belläp gidip otyr, ýazyp gidip otyr. Beýle hasapçylar, durmuşyň geçirimli adamlara çynlakaý gülüp bakýandygyny unudýan bolara çemeli.

IŇ BAÝ ADAMYŇ IŇ GADYMY SYRY: NÄDIP BAÝAMALY? Jorj Kleýsonyň «Wawilonyň iň baý adamy» atly kitabyndan

DÖRDÜNJI MELHEM Puluňyzy ýitgiden goraň

HÜNÄR KÄMILLIGI – DÖWRÜŇ TALABY

Ömrüň manysy kämillige, abraý-mertebä ymtylmakdyr. Ynsanyň ýaşlyk döwründen kämilligiň, il hatary ynsan bolup ýetişmegiň binýady goýulýar. Ýaşlygyndan kämillige gol berip, ylym-bilim öwrenen, özünde ynsanperwer garaýyşlary, ýagşy amallara gol ýapmak ýaly häsiýetleri terbiýelän ynsanlar abraý-mertebä mynasyp bolýarlar. Kämilligiň çägi ýok. Kämillik – durmuşyň zerurlygy. Bu düşünje halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş kadasy hökmünde halkymyzyň aňyna siňipdir. Magtymguly Pyragynyň: «Kämil bolup, serenjam ki kylyp men» diýen ajaýyp setirlerinde hem her bir ynsanyň özüni kämilleşdirmelidigi hakynda çeper beýan edilýär. Gaýda-gaýda oglanlygyň raýyndan, //Ýetip geldim kämilligiň paýyndan» diýen şygyr setirlerinde hem milli ýörelgelerimizde kämillige neneňsi ähmiýet berilýändigi görünýär. Kämillige ymtylmak diňe bir ýaşlykda däl, eýsem islendik ýaşda hem zerurdyr.

HASABYŇ ÇYKMASA… ýa-da kyrkynjy düýäniň hikmeti

Eý how, eý how, bu hasap-hesipden baş alyp çykar ýaly däl-ä. Çamalagyňy çaşyrjaga bu. Şu hakda oýlananymda bazardan amanat kyrk düýä sürekçi bolup gaýdan Ependi göz öňüme gelýär. Öýüne hem ulagly, hem jübüsi pully dolanjagyndan monça bolan Ependiniň uzak ýolda hasaby bulaşyp, keýpi uçdy. Tas bir düýe bergidar bolupdy görgüli. Dogry-da walla, hasabyň çykmasa çatak eken. Ýogsa-da, bir düýe nirä ýitirim bolduk-a, ýiter ýaly iňňede-hä däl ol. ***

ÝAŞLAR YLYM DÜNÝÄSINDE Ýaş alym Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki simwoliki aýratynlyklary öwrendi

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň baý döredijiligi ýaş alymlar üçin täze ylmy pikirleriň döremeginde aýratyn möhüm bir nusga bolup durýar. Ine, Ak bugdaý etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Güýçmyrat Abdyýew hem öz ylmy gözleglerinde şahyryň döredijiliginiň çuňluklaryndan ylham alyp, türkmen halkynyň simwolika, metafizika, we aryflyk ýaly ugurlardaky baý medeniýetine täzeçe garaýyşlar bilen çemeleşipdir. Ýaş alymyň bu gözlegleri ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda yglan edilen ylmy işleriň bäsleşiginde üstümizdäki ýylda üçünji orna mynasyp boldy. Ýaş alym öz ylmy işinde Magtymguly Pyragynyň şahyrana eserlerinde metafiziki düşünjeleriň nyşana alnyşyna aýratyn üns berýär. Onuň ylmy gözlegleri halkymyzyň ruhy gözýetimindäki çuňňur manylary açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şeýle ylmy işleriň, hususan-da, ýaş alymlaryň ylmy çemeleşmeleri arkaly durmuşa geçirilmegi häzirki zaman türkmen dilini we filosofiýasyny giňden ösdürýär.

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNYŇ MÖHÜM ŞERTI

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň alyp barýan syýasaty, öňe sürýän başlangyçlary uly ähmiýete eýe bolup, dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi döwletimiziň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde dürli önümleriň dogry peýdalanylmagyna hen köp zat bagly bolup durýar. Olaryň hatarynda senagatda hem-de tehnologiýada ulanylýan iň zerur baýlyklaryň biri bolan nebiti aýratyn bellemek bolar. Onuň peýdaly taraplary bilen bilelikde zyýanly taraplary-da bardyr. Dogry we talabalaýyk ulanylmazlygy onuň  mukdarynyň azalmagyna hem-de Ýer şarynyň, onuň suwlarynyň hapalanmagyna getirýär. ITOPF (International Tanker Owners Pollution Federation) guramasynyň berýän maglumatyna görä, soňky ýyllarda deňizlere dökülýän nebitiň mukdarynyň artmagy netijesinde, deňiz suwlarynyň  hapalanmagy has-da artyp, ondaky janly organizmlere zeper ýetdi.

ELEKTRON SPORT: ÝÖNEKEÝ GÜÝMENJEDEN HAKYKY HÜNÄRE ÇENLI

Häzirki zaman jemgyýetini kompýuter tehnologiýasyz göz öňüne getirmek kyn. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, garaz ähli pudaklarda kompýuter tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Göräýmäge, sport janlylygy, ýaryşyjylygy bilen tapawutlanýanlygy üçin kompýuter tehnologiýasyna zerurlyk ýüze çykmajak ýaly, ýöne tersine, türgeniň sportda kämilleşmegi üçin onuň ähmiýeti uly. Meselem, futbolda we basketbolda ulanylýan kompýuterleşdirilen täze enjamlar bellenilen aralyga, bellenilen tizlikde topy zyňmagy ýa-da sportuň käbir görnüşlerinde türgenleşik zallarynyň köpüsiniň sport inwentary hökmünde ulanylmagy, köpüsinde türgen, ýagny garşydaş hökmünde kabul edip, bäsleşip bolýanlygy türgenleşikleriň hiline täsir edip, netijeliligi artdyrýar. Şeýlelikde, maglumatlar we internet eýýamynda kompýuter tehnologiýalarynyň peýdalanylşynyň ýaýbaňlanmagy netijesinde sportuň täze görnüşiniň emele gelmegine täsir etdi. Kompýuter sporty ýa-da elektron sport (e-sport) diýlip atlandyrylýan kibersportuň taryhy 1997-nji ýyldan – KSL-niň (kompýuter sport ligasynyň) döredilen wagtyndan başlanýar diýlip hasaplanylsa-da, kompýuter oýunlaryny oýnamak boýunça ilkinji köpçülikleýin ýaryş geçen asyryň 70-nji ýyllarynda Stenford uniweristetinde 25 oýunçynyň gatnaşmagynda Spacewar oýnuny oýna

SIMSIZ TEHNOLOGIÝALARYŇ HÄZIRKI ZAMAN DEREJESI Li-Fi tehnologiýasynyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýy barha artýar. Bilim işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde ynsanperwer we takyk ugurlar boýunça ýokary bilimli hünärmenleri ýetişdirmek wezipesi netijeli häsiýete eýe bolýar. Simsiz aragatnaşyk – häzirki zaman enjamlarynyň iň möhüm funksiýalarynyň biri bolup, ol maglumatlary tiz, ygtybarly, tygşytly geçirmäge gönükdirilendir. Li-Fi tehnologiýasy hem simsiz aragatnaşygyň täze görnüşleriniň biridir. Li-Fi – bu näme? Li-Fi «Light fidelity» sözleriniň gysgaldylan görnüşi bolup, ýagtylygy maglumat geçirmek üçin ulanýan simsiz aragatnaşyk tehnologiýasydyr. Ol ýagtylyk aragatnaşyk ulgamy bolup, maglumaty ýokary tizlik bilen görünýän ýagtylygyň, ultramelewşe we infragyzyl spektriň üsti bilen geçirýär. Has ýönekeý sözler bilen aýdylanda, Li-Fi maglumat geçirmek üçin radiotolkunlarynyň ýerine ýagtylygy (optiki spektri) ulanýan, ýagtylyga esaslanýan Wi-Fi hasaplanýar. Li-Fi tehnologiýasy häzirki wagtda dünýäniň köp sanly aragatnaşyk kärhanalary tarapyndan işlenip düzülýär. Ol Edinburg uniwersitetiniň takyk ylymlarynyň doktory Harald Haasyň «TED Talk Global 2011» konferensiýasynda eden çykyşynda «Li-Fi» adalgasyny döretme

HYTAÝ DILINI ÖWRENMEGIŇ ÄHMIÝETI

Hytaý dilinde dillere mahsus bolan adaty elipbiýiň ýerine iýeroglifler bolup, olar biziň gündelik durmuşymyzda ulanýan harplarymyzdan düýpgöter tapawutlanýar. Hytaý dilindäki ýazuw aňlatmalary diňe özboluşly ýazgylardan ybaratdyr. Üns bilen synlananda, bu ýazgylar (iýeroglifler) biziň daş-töweregimizi gurşap alýan şekillere, hadysalara meňzeşdir. Hytaý iýeroglifleri «hanzi» diýip atlandyrylýar. Käbir çeşmelerde häzirki döwürde ýigrimi müňden gowrak hytaý iýeroglifleriniň bardygy ykrar edilendir. Dilçi alymlar hytaý diliniň doly sözlüginde kyrk müňden gowrak we ondan hem has köp iýeroglifiň bardygyny belleýärler. Ylmy barlaglary alyp barýan ýa-da bu ugurda ylmy kitaplary ýazýan işgärler gündelik durmuşda örän köp sanly hytaý iýerogliflerini ulanmaly bolýarlar. Munuň sebäbi hytaý hatynda bir iýeroglifiň many taýyndan baglanyşygy bolan birnäçe düşünjeleri bilelikde aňlatmaga ukyplylygyndadyr. Mysal üçin, aýagy aňladýan iýeroglif diňe bir aýagy aňlatman, ädimlemegi, ätlemegi, ýöremegi, gitmegi, durmagy, ugramagy aňlatmaga, gözi aňladýan iýeroglif bolsa görmek, seretmek, üns bermek ýaly düşünjeleri aňladyp bilýär. Hytaý dilinde diňe bir gazetleri okap biler ýaly, oňa düşüner ýaly derejede sowatly bolmak üçin alty-ýedi müň iýeroglifi bilmek zerur hasap edi

ŞEKILLERE SIŇEN SETIRLER

Türkmen şekillendiriş sungatynda söz ussady Magtymguly Pyragynyň nurana keşbini döretmeklige ençeme suratkeşler ýüzlendi. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewden başlap häzirki döwüre çenli türkmen suratkeşleriniň ençeme nesli dana şahyryň keşbini döretmäge synanyşyk etdiler. Beýik Pyragy baradaky dilden-dile geçip gelýän halk rowaýatlarydyr hekaýatlary esasynda dürli ölçegde kompozisiýalar döredildi. «Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ähli sungat, döredijilik adamlary bilen birlikde nakgaşlaryň hem döredijiligine ylham, täze gözleglerine uly itergi berdi. Şonuň netijesinde hem Magtymguly Pyragy hakda täze eserler dünýä indi. Şeýle eserleriň biri hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlarynyň biri, suratkeş Zakirjan Babaýewiň şahyryň «San bolsam» atly şygryna bagyşlanan monumental eseridir.

«ÄHLI ŞYGYR ÄLEMINIŇ WEPALY HYZMATKÄRI»

Magtymguly Pyragynyň kämil döredijiligi halkymyzyň kalbynda mynasyp orun eýeleýär. Beýik akyldar şahyrymyz ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň gazananlaryny akyl eleginden geçirip, edebiýatymyzyň baýlaşmagyna ägirt uly goşant goşan şahsyýetdir. Dünýäniň danasy, şygryýet äleminiň şamçyragy, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlary dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy, adamzat parasadynyň düri hasaplanýar. Şahyryň döredijilik dünýäsine älem-jahan ýaly çäksizlik, pähim-parasadyna umman ýaly çuňluk, tereňlik mahsusdyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň «Halypam» atly şygrynda: «Zehinli şägirdiň bu gün ýüzlerçe» – diýip belleýişi ýaly, her bir ýazyjy-şahyr, her bir döredijilik bilen meşgullanýan ynsan Magtymguly Pyragyny özüniň halypasy hasaplaýar. Goşgularynyň birinde Pyragynyň iň uly halypasy hökmünde hormatlaýandygyny nygtaýan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow bolsa onuň heýkeliniň öňünde şygyr okamagy hem uly mertebe, uly jogapkärçilik hasaplaýar.

MILLI LIDERIMIZIŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY KITABYNDA GÖZELLIGIŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI

Milli Liderimiziň her bir eseri biziň üçin gymmatly gollanma bolup durýar. Her harpyna, setirine paýhas zeri çaýylan sahypalaryň içine aralaşanyňdan, sen özüň üçin täze-täze açyşlary edip ugraýarsyň. Iň täsin ýeri-de, ol eserler adaty durmuşy pursatlaryň içinden göze görünmeýän, duýmasy kyn zatlary biziň nazarymyzyň öňüne getirip goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny okap çykan her bir adam durmuşa täzeden nazar aýlap, gözellige we içki gözellige akyl ýetirip başlaýar. Gözellik ynsana berlen peşgeşdir. Ol adama iki görnüşde içki we daşky dünýäsiniň baýlygy arkaly mahsusdyr. Iň esasy gözellik diňe owadan geýinmek, gymmat bahaly şaý-sepler bilen bezenmek, özüňe serenjam bermek bilen däl-de, adamyň kalp arassalygy, lebzi halallygy, sadadan – sypaýylygy, mylaýymlygy, akylly-başly häsiýetleri, göwnemakul hereketleri bilen ölçenýär.

ÝAŞLARYŇ ÝÜREK BUÝSANY

Gurban MYRADOW, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň jogapkär kätibi, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.

PARAHATÇYLYGYŇ GÖZBAŞY

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik häsiýetleri we däpleri döwletimiziň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatynyň özeni bolup durýar. Ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakdaky uly üstünlikler, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Döwletimiz sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we goldamakda, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmekde dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 46-njy sessiýasynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň bu Guramanyň agzalygyna kabul edildi. Agza ýurtlaryň her biri Birleşen Milletler Guramasynyň Düzgünnamasynda beýan edilen, halkara gatnaşyklarynyň esasy ýörelgelerine esaslanýan şertleri öz üstüne borç edip alýar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 185 döwletiň, şeýle hem 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamag

BELENT YKRARNAMANYŇ HORMATYNA

Ir säher bilen oýanyp hereket etmegiň, mümkin bolsa, ylgamagyň haýry dogrusynda dünýä metbugatynda müňlerçe makalalar bar. Olaryň ählisinde-de bir pikir: munuň saglygymyz üçin örän peýdalydygy goldanylýar. Ýöne irdenki hereket dagda bolsa, munuň peýdasyny göz öňüne getirip görüň! Daglylaryň tekiz giňişlikde ýaşaýanlardan has sagdyn, has daýaw bolýandygyny bilýänsiňiz. Edil şolaryň ýaly duýgular özüň daga çykanyňda hem kalbyňda peýda bolýar. Noýabryň ikinji gününde paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň 6 müňden gowragy ir säher bilen şu duýgulary başdan geçirdiler. Mälim bolşy ýaly, şol gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň teklibi we öňbaşçylyk etmegi bilen Köpetdaga merjen monjuk düzüp oturan Saglyk ýolundan geçildi. Bu çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamany kabul etmeginiň hormatyna geçirildi. Adamzady hemişe parahat ýaşamaga çagyrýan, bu maksadynda-da sporty esasy gural edinýän ýurdumyz täze ykrar edilen başlangyjy bilen täze sport ýaryşynyň döredilmegini gazanyp, adamzady jebisleşdirmekde möhüm ädimleriň ýene birini ätdi. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýratyn görelde görk