Şu günüň we geljegiň aýdyň ýoly

25 Sentýabr 2024
359

Pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlap gelen Garaşsyzlygy ajaýyp zamanamyzda mukaddeslik derejesine göterilýär. Başymyzyň täji eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy türkmen halkynyň bagtynyň çüwmegidir, eşretli şu günümiziň, röwşen geljegimiziň aýdyň ýoludyr.

Ata Watanymyz Garaşsyzlyk ýyllarynda dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, halkara giňişlikde binýady berkden tutulan döwletdigini äşgär etdi. Ýurdumyzyň häzirki wagtda dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülmegi bolsa, buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Şonuň üçin Garaşsyzlygymyzyň her bir şanly senesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan ak ýolunda ösüşlerimiziň ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Maýagözel ARMYDOWA,
Balkanabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar