"Medeniýet we syýahat"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 461
Telefon belgisi: 44-00-33

Makalalar

Üns mer­ke­zin­de — aw­tos­port hem eko­lo­gi­ýa

19-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumyny gurmak üçin meýilleşdirilýän ýere gelip, onuň taslamalary bilen tanyşdy. Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri M.Hy­dy­row Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­za Aw­to­mo­bil sport top­lu­my­nyň bi­na­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry­nyň taý­ýar­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ha­sa­ba­ty ka­bul edip, il­ki bi­len, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­ga­ty­ny, ösüm­lik dün­ýä­si­ni syn­la­dy. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Içe­ri iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Aw­to­mo­bil sport top­lu­my bi­na edi­len­de, bu kün­je­giň öz­bo­luş­ly te­bi­gy aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na üns be­ril­me­li­dir.

Baş mak­sat — il sag­ly­gy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Bu ýerde ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler. Bu ýer­de Mil­li Li­de­ri­miz gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri bi­len tan­şyp, ola­ryň on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň uzak möh­let­le­ýin­lik, berk­lik şert­le­ri­ni özün­de jem­le­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Soň­ra luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na tä­ze top­lu­myň bi­na­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, en­jam­laş­dy­ry­lyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri ba­ra­da­ky şe­kil tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Olar ba­ra­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri M.Mäm­me­dow we se­bit­de iň iri Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­ziň gur­lu­şy

«Akyl­ly» şä­he­riň şöh­ra­ty dün­ýä dol­ýar

Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary we bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy, şeýle-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şä­he­riň gur­lu­şy­gy­nyň ikin­ji tap­gy­ryn­da bi­na edil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň şe­kil tas­la­ma­la­ry bi­len ta­nyş­dy.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde

Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» at­ly ki­ta­by­nyň ýa­pon di­lin­dä­ki ne­şi­ri­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, döwlet Baştutanymyzyň çuň ma­ny-maz­mun­ly bu ese­ri dur­muş ul­ga­my­nyň dür­li ugur­la­ryn­da aja­ýyp üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan we eziz Wa­ta­ny­my­zyň gül­läp ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şant goş­ýan türk­men ýaş­la­ry­na ba­gyş­lan­ýar. Ge­çen ýy­lyň de­kab­ryn­da çap­dan çy­kan we türk­me­nis­tan­ly­la­ryň ýaş nes­li üçin mö­hüm gol­lan­ma öw­rü­len bu ki­tap da­şa­ry döw­let­ler­de hem uly gy­zyk­lan­ma eýe bol­dy. Onuň Su­ku­ba uni­wer­si­te­ti bi­len hyz­mat­daş­lyk­da ýa­pon di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň we Ýa­po­ni­ýa­nyň ara­syn­da däp bo­lan dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ösü­şin­de no­bat­da­ky mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. Şeý­le hem bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi bi­len hyz­mat­daş­lyk­da türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türkmenistanyň H

Işe­wür­lik gat­na­şyk­la­ry­ny iler­le­dip

Paý­tag­ty­myz­da ge­çi­ri­len Türk­men-ame­ri­kan işe­wür­lik mas­la­ha­tyn­da türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri şu ge­zek­ki sa­pa­ra ýur­du­myz­da ABŞ-nyň işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­gi mak­sat edin­ýän­dik­le­ri­niň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ral­ýan­dy­gy­ny bel­le­di­ler. Oňa gat­naş­mak üçin «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe­şi­niň Ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji di­rek­to­ry Erik Stýuar­tyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky ame­ri­kan işe­wür­le­ri ýur­du­my­za gel­di. Çy­kyş­la­ryň do­wa­myn­da türk­men-ame­ri­kan gat­na­şyk­la­ry­nyň däp bo­lan dost­luk­ly hä­si­ýe­te eýe­di­gi nyg­tal­dy. Şol gat­na­şyk­lar deň­hu­kuk­ly­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li­lik ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da yzy­gi­der­li ös­dü­ril­ýär. Şun­da ta­rap­la­ryň söw­da, ma­ýa go­ýum işi, işe­wür­ler to­par­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek ba­bat­da hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry tas­syk­la­nyl­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, «Türk­me­nis­tan — ABŞ» işe­wür­ler ge­ňe

Türk­me­nis­tan Tä­ze ýy­ly gar­şy­la­ýar

«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» şy­ga­ry as­tyn­da ge­çen 2024-nji ýyl üs­tün­lik­li ta­mam­la­nyp bar­ýar. Şu gün­ler Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň ag­zy­bir hal­ky Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň şöh­rat­ly iş­le­ri­ni do­wa­ma­ta atar­jak tä­ze, 2025-nji ýy­ly gar­şy­la­ma­ga ulu­dan taý­ýar­lyk gör­ýär. Ýur­du­my­zyň Baş ar­ça­sy­nyň dür­li yşyk­lar­da ýal­kym saç­ma­gy bol­sa uzak ga­ra­şy­lan, hem­me­ler üçin ýa­kym­ly Tä­ze ýyl baý­ra­my­nyň da­ba­ra­la­ry­na öz­bo­luş­ly ba­dal­ga bol­dy. Asyl­ly dä­be gö­rä, her ýyl paý­tag­ty­myz­da­ky «Älem» me­de­ni-dynç alyş mer­ke­zi­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da giň ge­rim­li da­ba­ra­lar ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Se­kiz­burç­ly ýyl­dyz we «2025» ýaz­gy bi­len be­ze­len, köp san­ly kü­müş­söw gar­ja­gaz­lar­da, dür­li öwüş­gin­dä­ki yşyk­lar­da ýal­kym saç­ýan Baş ar­ça­nyň be­ýik­li­gi 44 met­re, ini bol­sa 16 met­re deň­dir. 15-nji de­kabr­da kör­pe­le­riň is­le­gi bo­ýun­ça Aýaz­ba­ba­nyň ja­dy­ly ta­ýa­gy­nyň kö­me­gi bi­len owa­dan be­ze­len ar­ça­nyň yşyk­la­

Bäsleşigiň jemi jemlenildi

Şu gün welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi we ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan eden «Magtymguly sözlär tili türkmeniň» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan öçmez-ýitmez eserleriniň çuňňur mazmunyny açyp görkezýän makalalar, goşgular we hekaýalar boýunça yglan edilen bu bäsleşige döredijilik bilen meşgullanýan, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şeýle hem talyp ýaşlaryň uly toparynyň gatnaşmaklary aýratyn guwandyryjydyr. Bäsleşige iberilen makalalardyr edebi eserleriň Berkarar Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edebi mirasymyza, beýik şahsyýetlerimize goýýan belent sarpasyna, milli mirasymyzy öwrenmeklik üçin döredip berýän giň şertlerine, beýik Pyragynyň eserleriniň umumadamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak ähmiýetine gönükdirilendigi aýratyn bellärliklidir. Bäsle

Arkadag şäheri «ESQR Quality Choice Prize» ýokary hil baýragyna mynasyp boldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ar­ka­dag şä­he­ri ESQR — Hil sel­je­riş bo­ýun­ça Ýew­ro­pa Jem­gy­ýe­ti­niň ab­raý­ly «Qua­li­ty Choice Pri­ze 2024» baý­ra­gy­na my­na­syp bol­dy. Baý­rak gow­şu­ry­lyş da­ba­ra­sy We­na şä­he­ri­niň meş­hur «Park­ho­tel Schönb­runn» myh­man­ha­na­syn­da ge­çi­ril­di. Bu hal­ka­ra çä­re «Eu­ro­pe­an Society for Qua­li­ty Re­se­arch» (ESQR) ta­ra­pyn­dan gura­lyp, şä­her ösü­şi, sag­ly­gy go­ra­ýyş hem-de ener­gi­ýa­nyň ne­ti­je­li­li­gi ýa­ly ugur­lar­da hil do­lan­dy­ry­şyn­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri­ni gör­kez­ýär.

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 10-njy de­kabr­ynda Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, Hor­mat­ly il ýa­şu­lu­sy Gahryman Arkadagymyz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky Ýa­şu­lu­lar ge­ňe­şi­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň me­se­le­le­ri­ne, we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy­na ga­ral­dy.

Dostluk ýoly

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bi­ziň ýur­du­myz dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­na, äh­li ugur­lar­da­ky giň hyz­mat­daş­ly­ga özyg­ty­ýar­ly­ly­gy­ny we Bi­ta­rap­lyk sta­tu­sy­ny ber­kit­me­giň, da­şa­ry sy­ýa­sat­da­ky mak­sat­la­ry­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­gyň ke­pi­li hök­mün­de ga­ra­ýar. Bu ba­ra­da Gah­ry­man Arkadagymyz: «Halk­la­ryň we döw­let­le­riň ara­syn­da­ky dost­luk dün­ýä­de yn­san­per­wer­li­gi ýo­la goý­ýan tag­ly­mat­dyr. Çün­ki bu dost­luk döw­let­le­riň äh­lu­mu­my ýö­rel­ge­le­re yg­ty­ýar­lyk ba­bat­da bi­te­wi­leş­me­gi­dir. Dost­luk — adam­za­dyň ýa­kyn­laş­ma­gy­nyň ýo­ly. Dost­luk — asyl­ly ýö­rel­ge­le­riň ede­bi do­wam et­me­gi­niň ýo­ly. Hä­zir­ki wagt­da hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki dost­luk­ly gat­na­şyk­lar ösüş­le­ri ýaý­baň­lan­dyr­ma­ga amat­ly ýag­da­ýy dö­red­ýär. Adam­za­dyň dö­re­den be­ýik tag­ly­mat­la­ry­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­ma­gyň ýo­ly hem dost­luk­da­dyr» di­ýip, «Türk­me­niň döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si» at­ly ki­ta­byn­da bel­läp geç­ýär.

Ýagty geljegimiz baradaky aladalar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 7-nji de­kab­ryn­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň mej­li­si ge­çi­ril­di.

50 ýyllyk dymyşlyk

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Geçen asyrdaky jeňleri seljerýän we ýitgileri öwrenýän bilermenler ikinji jahan urşunda pida bolan adamlaryň her biri üçin 1 minut dymyşlyk yglan etmeli bolsa, azyndan 50 ýyllap dymmaly boljakdygyny hasaplapdyrlar.

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Dünýä haýran Arkadagyň şäherine!

Il-günümizde bir ýagşy iş edilip, onuňam tarypy dillerde sena bolanda, «dabarasy dag aşdy» diýilýär. Ýaňy-ýakynda Arkadag şäherine Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirilen «Akylly» şäher: dolandyrmak, sanly, «akylly» we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde daşary ýurtly ýokary okuw mekdepleri hem-de kompaniýalary tarapyndan şahadatnamalaryň berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadag şäherine Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» we «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Hindistanyň Çitkara uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Bilkent uniwersitetiniň Milli nanotehnologiýa ylmy-barlag merkeziniň, Russiýa Federasiýasynyň «Moskwanyň Inžener-fiziki instituty» Milli ylmy-barlag ýadro uniwersitetiniň zatlaryň interneti esasynda infrastrukturany ösdürendigi, intellektual ulag ulgamlary, energiýa taýdan netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça çözgütleri, daşky gurşawy gözegçilikde saklaýandygy we dolandyrýandygy üçin üstünlik şahadatnamalary, şeýle hem ekologik taýdan arassalygy üçin Koreýa Respublikasynyň «Data Science Technology International Co., Ltd.» hem-de «Sawwave Co., Ltd.» kompaniýalarynyň, Rumyniýanyň Milli ylym we te

Arzuwymyz-alkyşymyz Arkadaga, Arkadagly Gahryman Serdarymyza!

Geçip barýan ýyl ömrüňde ýatdan çykmajak şowly pursatlara baý bolan bolsa, ol ýyly düşümli hasaplaýarys. Arkadag şäherinde zähmet çekmek, ýaşamak nesip eden ildeşlerimiziň ählisi 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bagt getirendigini aýdýarlar. Olaryň käbirleriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmekligi makul bildik.

Şadyýan pursatlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Durmuş neneň owadan, Diýar neneň nurana!Gel, Täze ýyl, şan berip Bu döwletli döwrana.

Sowgatly söwda merkezleri

Tamamlanyp barýan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Bu ýyl «akylly» şäheriň taryhynda ýatdan çykmajak wakalara beslendi. Şeýle üstünlikleri bagyş eden ýylyň ahyrky günleri has hem uly dabaralara beslenýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda bu baýramy ikinji gezek garşylaýan Arkadag şäherinde hem täze, 2025-nji ýyly dabaraly garşylamak üçin ykjam taýýarlyk görülýär. Şäherdäki belent arçany diýjekmi, baýramçylyk lybasyna giren şäheri diýjekmi, göçme söwda nokatlary diýermiň,.. garaz, sereden ýeriňde baýramçylyk ruhy höküm sürýär. Söwda nokatlary bolsa hemişe köp adamly. Saçaklaryň berekedi bolan azyk önümlerinden, sowgatlyklardan torbasyny dolduran adamlary göreniňde ýüzlerinde şatlyk, baýramçylyk joşgunlary bar. Munuň özi ildeşlerimiziň halkymyzy ajaýyp döwürde, eşretli durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz söýgüsidir. Ynha-da, Arkadag şäheriniň «Gökdere» söwda merkezi. Baýramçylyk mynasybetli alyjylar üçin dürli amatlyklary we ýeňillikleri döredýän söwda merkezi öz işini dowam etdirýär. Döwrebap hyzmatlar, harytlaryň elýeterliligi bu merkezi alyjylaryň köp gelýän ýerine öwürýär. Harytlaryň köp

«Akylly» şäher — 2024: şanly sepgitler, buýsandyryjy üstünlikler

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan: ― «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryha ýaň salan, milletimize şan bolan wakalarynyň her biri aýratyn ýatlanylmaga mynasyp. Ýöne bu wakalar, täsirli pursatlar bir söhbede sygardan, bir kitaba ýerleşerden juda uly.

Täzelikler

Kerki etrabyndaky çörek kärhanasynyň zähmet adamlary ilaty çörek we çörek önümleri bilen bolelin üpjün edip, golaýlaşyp gelýän täze ýyly mynasyp üstünliklere besleýärler. Çörek bişirijiler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda çörek we çörek önümleriniň 4095 tonnasyny ilata ýetirdiler. Bu ýerde öndürilen önümleriň tagamy we hili ildeşlerimiziň göwnünden turýar. Kärhananyň baş ykdysatçysy Babajan Musaýew çörek we çörek önümleriniň onlarça görnüşiniň taýýarlanylýandygyny, olaryň «Höwesli», «Altyn däne», «Şöhlejik» ýaly görnüşleriniň ilatyň uly isleginden peýdalanýandygyny aýdýar. Çörek bişirijileriň yhlasly zähmetiniň netijesinde ilatyň saçaklarynda çörek we çörek önümleriniň bolçulygy gazanylýar.