Nygmat bardyr näçe diýseň...

24 Sentýabr 2024
373

Ýurdumyzyň ykdysady üstünliklerini beýan edýän sergilerde, oba hojalyk pudagynyň dürli ugurlary bilen baglanyşykly forumlarda, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerine badalga bermek dabaralary mynasybetli gurulýan sergilerde sergilenýän, ak bazarlarymyzyň, söwda merkezlerimiziň tekjelerini dolduryp duran hasyl ussatlarymyzyň halal zähmetiniň oňyn netijeleri bolan naz-nygmatlary göreniňde, azyk bolçulygyny döredýän zähmetkeş ynsanlara hormatyň hem sarpaň has-da artýar. Çünki bu datly nygmatlar döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, edermen daýhanlarymyzyň netijeli işlemekleri, çekýän zähmetiniň hözirini görmekleri barada edýän aladalarynyň, döredýän mümkinçilikleriniň guwandyryjy netijeleri.

Watanymyzda bellenilýän toý-baýramly günlerde, döwletli ak öýlerimizde toýlanýan toýlarda giňden ýazylan saçaklary bezeýän hem-de berekedini artdyrýan naz-nygmatlar bereketli türkmen topragynyň halal zähmetiň miwesidir. Bu bereket bolçulygy diňe bir ýurdumyzyň içerki bazarlaryny üpjün etmän, eýsem, daşary döwletlere hem eksport edýän ýurt hökmünde Watanymyzyň abraýyny artdyrýar.

Gülbossan ORAZOWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar