Garaşsyzlygyň beren bagty

24 Sentýabr 2024
414

Garaşsyzlygyň gadyr-gymmaty juda uly. Hormatly Prezidentimiziň nygtap belleýşi ýaly, «Garaşsyzlyk biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir, beýik geljegimizdir. Garaşsyzlyk biziň dünýä dolan belent at-abraýymyzdyr hem-de şan-şöhratymyzdyr». Ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede bellenilýän ýylynda döwlet Garaşsyzlygynyň hem 33 ýyllygy dabara bilen toýlanýar. Mähriban Watanymyzyň baş baýramynyň bosagasynda mukaddes Garaşsyzlygymyz barada söhbet açmak, onuň halkymyza beren datly miweleri hakyndaky buýsançly gürrüňleri eşitmek ýakymly.

1991-nji ýylyň güýzünde Garaşsyzlygyny alan türkmen döwleti geçen 33 ýylyň dowamynda ösüş-özgerişleri bilen dünýäni haýran galdyrdy. Elbetde, ýetilen sepgitler hakynda bir makalanyň çäginde birin-birin gürrüň etmek asla mümkin däl. Şeýle-de bolsa Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyndaky ösüş-özgerişlikleri hakda Mary welaýatynyň mysalynda käbir zatlary okyjylarymyza ýetirmegi zerur hasapladyk. Çünki Mary welaýaty ýurduň beýleki sebitleri ýaly, döwletimiziň ösmegine, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýar. Bu sebitiň toprak bilen iş salyşýan adamlary hem Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeriň hakyky eýesi boldular. Rysgalyny ene toprakdan gözleýän zähmetsöýer adamlaryň ençemesi tarp ýerlerden 99 ýyllyk möhlet bilen ýer alyp, döwletimiziň berýän ýeňilliklerinden, kömek-goldawlaryndan peýdalanyp, azyk bolçulygynyň has-da berkemegine, ýyladyşhana şertlerinde ekilýän oba hojalyk ekinleriniň köpelmegine, görnüşleriniň artmagyna goşant goşýarlar.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.
Beýleki habarlar