33-lükleriň durmuşdaky ähmiýeti

24 Sentýabr 2024
435

Ýagşy niýeti ýaran edinen, hakdan halatly, pähimdar pederlerimiz durmuşda mynasyp ornuňy tapmak üçin ähli zatlara oňyn seredip, gowy netije çykarmagy, gören-eşiden zatlaryňy oňatlyga ýorup, ýagşy gylyk-häsiýeti gursagyňa guýmagy nesillere sargyt edipdirler. Şeýle ynsanperwer ýol-ýörelgelerden ugur alýan halkymyz geljegi ak daňlara, nuranalyga deňäp, ýagşy umyt-arzuwlar bilen, bir başa bakyp, agzybirlikde ýaşaýar, zähmet çekýär, döredýär, gurýar.

Ynha, bu gün geçmişde ýetmişden gowrak döwlet guran pederleriniň ýoluny döwrebap dowam etdirýän halkymyz ýurt Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuny toýlaýar. Otuz üç ýyl! Eýsem, bu döwür heňňamyň taryhy üçin uzak wagt däl. Muňa garamazdan, şu döwürde halkymyzyň ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri asyrlara barabar diýip aýtmaga doly haklydyrys.

Aýnabat ATAÝEWA,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar