"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Ýetmiş bäşinji sessiýa

Hyzmatdaşlygyň we ösüşiň binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň doly hukukly agzasy bolmak bilen, halkara gatnaşyklarynyň gerimini dürli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürýär. Ykdysady, syýasy-diplomatik, hukuk, medeni-ynsanperwer we beýleki wajyp ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek Garaşsyz Watanymyzyň dünýä döwletleri we iri halkara guramalary bilen gatnaşyklarynyň esasyny düzýär. Hormatly Prezidentimiziň oňyn Bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty Türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Bütindünýä jemgyýetçiliginiň ösüşiniň wajyp wezipeleri hökmünde parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy, durnukly ösüş, ulag, energetika we ekologiýa howpsuzlygy boýunça Garaşsyz döwletimiziň başlangyçlary esasynda we onlarça döwletleriň awtordaş bolmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň dürli ýyllarda Kararnamalaryň ençemesini kabul etmegi hemişelik Bitaraplygyň diňe bir hukuk ýagdaýy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, berkarar döwletimiziň ählumumy ösüşiň hatyrasyna oňyn hyzmatdaşlyk, ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik maksatlaryny durmuşa geçirmegiň netijeli ýoludygyna şaýatlyk

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy

Ýetmiş bäşinji sessiýaGün tertibiniň 64-nji bendiParahatçylyk gurujylygy we parahatçylygy saklamak BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ORNY

Türkmenistan — BMG: belent ynam, ygtybarly hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň nobatdaky Kararnamasy kabul edildi Milli Liderimiziň oňyn bitaraplygyň ýörelgelerine esaslanýan hem-de ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli, täzeçillik syýasaty türkmen döwletiniň dünýädäki abraýyny barha artdyrýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen depginli ösdürilýän gatnaşyklar hem-de Türkmenistany ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýan BMG-niň ýurdumyza bildirýän belent ynamy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy

Ýetmiş bäşinji sessiýaGün tertibiniň 64-nji bendiParahatçylyk gurujylygy we parahatçylygy saklamak Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny

Milli Liderimiziň parahatçylyk taglymaty

köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga we özara ynanyşmaga çagyryşdyr Ýer ýüzünde ýaşaýan ynsanlar pikir-garaýşy boýunça düýpgöter tapawutlanýan bolsalar-da, dünýäde parahatçylygy berkarar etmek düşünjesi olary umumy maksatda birleşdirýär. Adamzat döräli bäri, abadan, asuda ýaşaýşy gazanmagyň baý tejribesi toplandy. Oňa her döwlet, her bir halk öz milli mentalitetidir ileri tutýan gymmatlyklaryna görä, dürlüçe çemeleşýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesi parahatçylygy pugtalandyrmak babatda döwletimiziň mizemez hem özboluşly çemeleşmesidir. Bu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy erki, tutanýerli we yzygiderli başlangyçlary bilen hut şu aýratynlyk Bitarap Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesiniň barha belende göterilmeginiň esasy şertine öwrüldi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa milli Liderimiziň parahatçylyk döretmek taglymatynyň barha kämilleşýändigini we giňden ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Hyzmatdaşlyk berkidilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we HHR-iň başlygy Si Szinpiniň milli Liderimize aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi we HHR-iň başlygy Si Szinpiniň milli Liderimize aýdan mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistan – Russiýa Federasiýasy: özara bähbitli strategik hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Türkmenistany we Russiýa Federasiýasyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary, taryhy taýdan ýola goýlan hyzmatdaşlygy baglanyşdyrýar. Bu gün strategik hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz sebit hem-de ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly wajyp meseleler boýunça garaýyşlaryň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini beýan edýärler. Türkmen-rus hyzmatdaşlygy giň ugurlary öz içine alýar. Medeni-ynsanperwer ulgamy boýunça gatnaşyklaryň berkidilmegine ähmiýet berilýär. Russiýanyň iri sebitler bilen ýola goýlan ykdysady, işewür we medeni gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini bellemek gerek. Ýurdumyzyň wekiliýeti Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny, iki ýurduň daşary işler ministrleriniň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek maksady bilen, Moskwa şäherinde iş saparynda boldy. Iki ýurduň arasynda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň duşuşygynda tassyklanyldy. Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Min

Aşgabadyň doganlary

Doganlaşan şäherler — munuň özi birek-biregiň halklarynyň durmuşy, taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen dürli ulgamlarda: medeniýetde, sportda, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda hemişe hyzmatdaşlykda bolan iki şäherdir. Taraplaryň hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde medeniýet, sungat wekilleriniň birek-birekde dürli çykyşlary, teatr, kino eserleriniň görkezilişikleri, sport wekilçilikli toparlaryň gatnaşmagynda duşuşyklar, maslahatlar guralyp durulýar. Ilkinji doganlaşan şäherler Ikinji jahan urşunda weýran bolan Kowentri (Beýik Britaniýa) we Stalingrad (häzirki Wolgograd) şäherleridir. Iňlisler öz doganlaşan şäherlerine ýüzünde: «Ullakan gynançdan kiçijek kömek gowy» diýip ýazylan desterhany hem-de ýerli halkyň ýygnan goldaw serişdesini sowgat edýärler. Olara şol uruşda uly ejir çeken Dižon, Turin we Ottawa şäherleri goşulýarlar.

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi Ilçi milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi işe başlady

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň mähirli salamyny ýetirdi. Ol türkmen kärdeşine berk jan saglyk, abadançylyk hem-de Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmäge, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Hormatly Prezidentimiz ilçini Ukrainanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-ukrain gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen asylly hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ukrainanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňiz!

Türkmenistanyň Medeni diplomatiýasy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda özara hyzmatdaşlyk barha ösdürilýär. Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklary gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek bu hyzmatdaşlygyň binýatlyk many-mazmunyny düzýär. 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak barada» Konwensiýasyna goşuldy. Bu Konwensiýanyň çäklerinde ýurdumyzda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleriň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olardan 1999-njy ýylda ilkinji gezek gadymy Merw taryhy-arheologik ýadygärlikler toplumynyň, 2005-nji ýylda Köneürgenç ýadygärlikleriniň we 2007-nji ýylda Nusaý galalarynyň bu guramanyň Adamzadyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegini mysal hökmünde ýatlap geçmek bolar.

Kitaply gatnaşyklar

Ýollar çar ýana uzaýar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy we welaýatlarymyzy ösdürmek barada döwletli ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlaryny, täze zamanyň talaplaryna bap gelýän obadyr şäherçeleri, önümçilik desgalaryny, köprüleridir ýollary gurdurýar. Bu binalardyr desgalar ykdysady ösüşlere mynasyp goşant bolmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gözellik häsiýetnamasyna täze sahypalar bolup goşulýar. Hormatly Prezidentimiziň multimodal ulag geçelgelerini döretmek babatdaky başlangyçlarynyň miwesi bolan ýurdumyzyň çäklerinde gurulýan içerki we halkara awtoulag, demir ýollar ýolagçylaryň, ýükleriň barmaly nokatlaryna oňaýly we gysga wagtda gowuşmagyna giň şertleri döredýär. Şu babatda häzirki wagtda gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýan Aşgabat—Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ähmiýeti has-da uly bolar. Ol ýolagçylary we ýükleri gysga wagtda barmaly nokatlaryna eltip gowşurmak üçin ýokary tizlikde we üznüksiz hereket edip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini çaltlandyrar, döwletimize uly ykdysady girdejileri getirer. Çünki geçýän çäkleri boýunça diňe içerki häsiýete eýedigine garamazdan, bu ýokary tizlikli ýol döredilýän multimodal ulag geçelgeleriniň möhüm şahasy bolar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dostlukly gatnaşyklara ygrarlylyk

8-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde milli Liderimiz we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.

Kämil dikuçar lukmanlaryň hyzmatynda

Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidildi. Bu ulgamyň täze tehnikalar hem-de kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili ýokarlandy. Ine, öňňin hem milli Liderimiz ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly «ANSAT» kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy. Bu waka ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmegiň we ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Milli Liderimiz ynsan saglygyny ýurduň baş baýlygy hökmünde yglan edip, halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we ony öz wagtynda bejermek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek meselelerini hemişe üns merkezinde saklaýar.