Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

14 Aprel 2021
957

12-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ukrainanyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýkony kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz ilçini Ukrainanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçylygyna bellenilmegi bilen gutlap, oňa türkmen-ukrain gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen asylly hem-de jogapkärli işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Metbugat habary esasynda taýýarlanyldy.
Beýleki habarlar