Ýollar çar ýana uzaýar

12 Aprel 2021
1086

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy we welaýatlarymyzy ösdürmek barada döwletli ýörelgeden ugur alyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýyş jaýlaryny, täze zamanyň talaplaryna bap gelýän obadyr şäherçeleri, önümçilik desgalaryny, köprüleridir ýollary gurdurýar. Bu binalardyr desgalar ykdysady ösüşlere mynasyp goşant bolmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň gözellik häsiýetnamasyna täze sahypalar bolup goşulýar.

Hormatly Prezidentimiziň multimodal ulag geçelgelerini döretmek babatdaky başlangyçlarynyň miwesi bolan ýurdumyzyň çäklerinde gurulýan içerki we halkara awtoulag, demir ýollar ýolagçylaryň, ýükleriň barmaly nokatlaryna oňaýly we gysga wagtda gowuşmagyna giň şertleri döredýär. Şu babatda häzirki wagtda gurluşyk işleri ýokary depginlerde alnyp barylýan Aşgabat—Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň ähmiýeti has-da uly bolar. Ol ýolagçylary we ýükleri gysga wagtda barmaly nokatlaryna eltip gowşurmak üçin ýokary tizlikde we üznüksiz hereket edip, ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerini çaltlandyrar, döwletimize uly ykdysady girdejileri getirer. Çünki geçýän çäkleri boýunça diňe içerki häsiýete eýedigine garamazdan, bu ýokary tizlikli ýol döredilýän multimodal ulag geçelgeleriniň möhüm şahasy bolar.

Selbi PIRLIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe kafedrasynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar