Bilelikde «ýaşyl» geljegi gurmak ugrunda
Wagt geçýär. Aýlar aýlanyp, ýyllar ýyllara ýol berip, heňňamlar täzelenýär, ýaşuly nesilleriň ýerine ýaşkiçi nesiller gelip, dünýäniň üýtgewsiz dolanyşykly, çalşykly tebigy kanunlary bilen ýaşaýyş dowam edýär. Adamzat aňy ösdügiçe, täze gazanylanlar, täze döredilenler bilen ol has özgerýär, baýlaşýar, kämilleşýär. Şonuň bilen birlikde-de, adamzadyň özüne bagly hem bagly bolmadyk meseleler artdygysaýyn, dünýä ýene-de çylşyrymlaşyp, döwür täze, has wajyp wezipeleri öňde goýýar. Olary berjaý etmekde, ýüzbe-ýüz bolnan çynlakaý meseleleriň dogry çözüwini tapmakda Ýer togalagynyň ähli künjeginde ýaşaýan adamlary biri-birine ýakyn, ýürekdeş, pikirdeş edýän ynsanlyk ruhy, adamkärçilik häsiýetleri, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ony goramak we baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, şunda özara dostluk hem arkalaşyk islegi bir bitewüligi döredýär. Ýakynda Hytaýda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Geljege köpri — 2024» atly forumy hem bu hakykaty nobatdaky gezek äşgär edip, geçmişiň we şu günüň arabaglanyşygynda, nurana ertirler üçin bagtly durmuşyň berk binýadyny goýmakda islendik halkda-da ýaşlaryň möhüm orna eýedigini, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibindäki Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde