Türkmenistan Ýewraziýa patent guramasynyň esasy resminamalarynyň biri bolan «Ýewraziýa patent Konwensiýasynyň senagat nusgalaryny goramak hakyndaky Teswirnamasyna» goşulmagy meýilleşdirýär. Degişli teklibi 14-nji iýunda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow hödürledi.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri ýokarda agzalan Teswirnama goşulmak bilen şertlendirilen ýurdumyz üçin dörejek artykmaçlyklar barada habar berdi.