Bilelikde «ýaşyl» geljegi gurmak ugrunda

18 Iýun 2024
539

Wagt geçýär. Aýlar aýlanyp, ýyllar ýyllara ýol berip, heňňamlar täzelenýär, ýaşuly nesilleriň ýerine ýaşkiçi nesiller gelip, dünýäniň üýtgewsiz dolanyşykly, çalşykly tebigy kanunlary bilen ýaşaýyş dowam edýär. Adamzat aňy ösdügiçe, täze gazanylanlar, täze döredilenler bilen ol has özgerýär, baýlaşýar, kämilleşýär. Şonuň bilen birlikde-de, adamzadyň özüne bagly hem bagly bolmadyk meseleler artdygysaýyn, dünýä ýene-de çylşyrymlaşyp, döwür täze, has wajyp wezipeleri öňde goýýar. Olary berjaý etmekde, ýüzbe-ýüz bolnan çynlakaý meseleleriň dogry çözüwini tapmakda Ýer togalagynyň ähli künjeginde ýaşaýan adamlary biri-birine ýakyn, ýürekdeş, pikirdeş edýän ynsanlyk ruhy, adamkärçilik häsiýetleri, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ony goramak we baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, şunda özara dostluk hem arkalaşyk islegi bir bitewüligi döredýär. Ýakynda Hytaýda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Geljege köpri — 2024» atly forumy hem bu hakykaty nobatdaky gezek äşgär edip, geçmişiň we şu günüň arabaglanyşygynda, nurana ertirler üçin bagtly durmuşyň berk binýadyny goýmakda islendik halkda-da ýaşlaryň möhüm orna eýedigini, BMG-niň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibindäki Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde olaryň öňünde uly wezipeleriň durandygyny, şol wezipeleri bilelikde berjaý etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny ýene bir ýola aýdyň görkezdi.

Halkara ýaşlar forumy, onuň dowamynda bolup geçen wakalar baradaky gürrüňe geçmezden ozal, soňky ýyllarda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky gadyrly gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşandygyny nygtamak gerek. Bu ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky duşuşygynda, geçirilen degişli sammitlerde gazanylan ylalaşyklar, öňe sürlen oňyn başlangyçlar muňa uly itergi berdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Ählihytaý ýaşlar federasiýasynyň guramagynda ýurduň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynda, Şensi welaýatynyň Sian şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň «Geljege köpri — 2024» atly forumy hem şeýle başlangyçlaryň netijesinde guralan halkara çäreleriň biri boldy. Has anygy, forum 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly geçirilen sammitde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň hödürlän teklibi esasynda, şeýle-de geçen ýylyň maý aýynda bu döwletleriň Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky birinji sammitiniň Sian Jarnamasynda beýan edilen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine goldaw bermek, agzalan ýurtlaryň ýaşlarynyň özara tejribe alyşmagy üçin mümkinçilikleri döretmek maksady bilen guraldy. Oňa Merkezi Aziýanyň bäş ýurdundan hem-de Hytaýdan ýaşlar guramalarynyň wekilleri, ýaş telekeçiler, bilim ulgamynyň işgärleri, ylym we maglumat tehnologiýalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça iş alyp barýan ýaşlar gatnaşdylar. Ýokary guramaçylykly geçirilen bu foruma ýurdumyzyň wekiliýetiniň hem işjeň gatnaşmagy geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanan we kabul edilen «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysallarynyň biri boldy. Ýeri gelende bellesek, hut şeýle ýaşlar forumy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň maý aýynda degişli ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky birinji, Sian sammitinde öňe süren başlangyjy boýunça şol ýylyň noýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» ady bilen ýokary guramaçylyk derejesinde üstünlikli geçirildi.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan». Aşgabat — Urumçi — Sian — Aşgabat.
Beýleki habarlar