"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Rowaç işleriň mekany

Rowaçlyga eltýän ösüş ýoluny esaslandyran Milli Liderimiziň ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen beýik ösüşleri külterleýän ata Watanymyzyň her güni şatlykly habarlara beslenýär. Ynha, şolaryň birisi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanydyr. Möhüm resminama laýyklykda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde aýdyşy ýaly, döwletimiziň syýasaty bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ösdügisaýyn ynsanperwer syýasat şonça-da giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan uly göwrümli özgerişlikleri we milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri biziň şu günümize buýsanjymyzy beýgeldip, geljegimiziň rowaçlygyna ynamymyzy şonça-da berkidýär. Hökümet mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine

Halkyň ýürek buýsanjy

Düýpli özgerişlikler bilen täze menzillere Hökümetiň 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň ýörite Buýruga gol çekip, üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamagy bilim işgärleridir ýaşlary uly tolgunmalara besledi. Şeýlelikde biziň ýokary okuw mekdebimizde hem dalaşgärlerden resminamalary kabul ediş möwsümine badalga berildi.

Döwrümiz şanly ösüşlere beslenýär

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip atlandyrylyp, oňa ýagşy umyt-arzuwlar, uly ynam bilen girişileni ýap-ýaňy ýalydy. Hasaplap otursak, ondan bäri alty aý, ýagny, ýylyň ýarysy geçipdir. Munuň özi ýurdumyzyň ösüş-özgerişinde möhüm hyzmaty ýerine ýetirýän ykdysadyýetiň pudaklarynda gazanylan netijeleri seljermäge-de esas berýär. Eýsem, welaýatymyzyň senagat kärhanalarynda nähili görkezijilere eýe bolundyka? Şanly ýylyň geçen döwründe bitirilen işler, gazanylan önümçilik görkezijileri tutuş ýyly şowly jemlemek üçin berk binýadyň döredilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. Has takygy, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky möçberi 11 milliard 950 million manatdan gowraga barabar boldy. Öndürilen önümleriň 3,1 milliard manatlykdan gowragy ykdysadyýetiň döwlet bölegine degişli boldy. Üstümizdäki ýylyň geçen aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende iri we orta kärhanalarda öndürilen önümleriň möçberiniň ýokary artyş depginleriniň nebit, himiýa, un üweýji-ýarma dürüşdelenen iým we azyk senagatynyň kärhanalarynda emele gelendigi bellärliklidir. Hasabat döwründe aýry-aýry senagat önümlerini öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolundy. Şu ýy

Ak mekdepde ak arzuwlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň güneşli Diýarymyzda ylym-bilimi ösdürmeklige gönükdiren döwletli işleri ýaşlary kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmekde özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli döwrebap bilim edaralarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, öňki bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi indi biziň ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şu günler bu nurana baýramyň şanyna Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde 960 orunlyk täze, döwrebap orta mekdebi işe girizmek bilen bagly taýýarlyk işleri hem giň gerimde alnyp barylýar. Biz etrap merkeziniň ajaýyp künjeginde gurulýan bu binada işleriň gidişi bilen ýakyndan tanyşmagy makul bildik. Bizi öň hem kän binalaryňdyr, desgalaryň gurluşygynda öz başarnygy bilen adygan gurluşykçy, häzirki wagtda bu ýerdäki gurluşyk meýdançasynyň başlygy Sapa Esenow güler ýüzli garşylady. Ol sözüniň başynda özüne şeýle jogapkärli wezipäniň ynanylandygy üçin bar ukyp-başarnygyny gaýgyrman zähmet çekýändigini we özlerinden garaşylýan tamany ödejekdigini ynamly belläp, gurluşyk işleriniň gidişi hakynda şeýle gürrüň berdi:

Üstünliklere beslenýän döwür

Berkarar ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan milli ykdysadyýetimizde uly ösüşler gazanylýar, belent sepgitlere ýetilýär. Bu üstünlikler bagtyýar raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilmek bilen, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik taglymatlaryndan ugur alýar. Bilşimiz ýaly, bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olaryň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmakdan, önümçilik, senagat pudaklaryny, hyzmatlar ulgamyny depginli ösdürmekden, durnukly ösüşi gazanmakdan ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys».

Belent wezipelerden ugur alyp

Welaýat häkimliginde Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli berjaý etmek maksadyndan ugur alnyp, maslahat geçirildi. Onda welaýatymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, öňde durýan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — abadan durmuşyň binýady

Täze taryhy eýýamda her bir güni şanly wakalara beslenýän Watanymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alan ösüşler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bedew bady bilen belent maksatlara tarap öňe barýan   döwletimizde il bähbidine gönükdirilen döwletli tutumlar geljekki ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýan beýik başlangyçlaryň beýany bolup dabaralanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde halkymyzyň abadan, bagtyýar we eşretli durmuşy üpjün edilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Täze eýýamda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli ugurlar boýunça ykdysady ösüşleri, ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys» diýen sözleri hem tassyklaýar.  Oýlanyşykly we ylmy taýdan işlenip düzülen düýpli özgertmeler ýurdumyzy ösdürmek babatda öňde goýlan aýdyň maksatlara ýetmekde ähmiýetlidir. Ata Watanymyzda halkymyzyň eşretli ýaşamagy, işlemegi, bagtyýar çagalaryň, ýaşlaryň kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin gurlup ula

Ýyldyzlar içinde bir ýyldyz gördüm...

(Arkadag şäherine waspnama) Hoştap howaly asuda gijede asmana bakarsyň. Gögüň ýüzüni bezän ýyldyzlar göwher monjugy kimin öwşün atyşyp, kalbyňda ýakymly duýgulary oýarar. «Ýedigen, Ülker, Mizan, Zöhre, Üçýyldyz, Akmaýanyň ýoly»... diýip, öz ýanyňdan olaryň atlaryny sanarsyň.

Halkymyzyň guwanjy we buýsanjy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binagärlik sungaty babatdaky ýiti zehininden dörän Arkadag şäheri gurýan, döredýän we röwşen geljege ynamly barýan bagtyýar halkymyzyň abraý-mertebesini has-da belende göterdi. Häzirki döwürde ol berkarar Watanymyzyň beýik ösüşleriniň dabaralanmasy bolup, halkara jemgyýetçiligiň belent ykrarnamasyna eýe bolýar. «Akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäheri dünýä nusgalyk döwrebap şäherdir. Ol biziň guwanjymyzdyr, buýsanjymyzdyr. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan bu ajaýyp şäher ýaşamak üçin iň oňat şertleri özünde jemleýär. Arhitektura taýdan özara sazlaşýan, häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň we beýleki möhüm desgalaryň döwrebaplygy, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen iň ýokary derejede üpjün edilmegi şäheriň esasy aýratynlyklarydyr.

Ýüreklerde orun alan eserler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kitabyň jemgyýetimizdäki orny, ähmiýeti örän ýokary bolup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhaslaryndan dörän ajaýyp kitaplary zamanamyzyň iň söýlüp okalýan eserleridir diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Türkmen medeniýeti», «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Ile döwlet geler bolsa...», «Arşyň nepisligi», «Janly rowaýat», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» we beýleki ençeme gymmatly eserleri, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaplary durmuşymyzda ýol görkeziji şamçyragdyr. Bu günki gün bu eserler her bir raýatyň hemişelik ýankitaplaryna öwrüldi, ýüreginiň töründe orun eýeledi. Ylmy, taryhy, edebi maglumatlara baý bolan bu kitaplar ýaşlarda watançylyk duýgularyny ösdürmekde, il-güne, zähmete söýgi döretmekde, olaryň edepli-ekramly, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmakda örän ähmiýetlidir. Halkymyzyň şöhratly taryhy, şanly şu güni, ýol-ýörelgeleri hakynda täsirli söhbetleri, ýaşlar üçin gymmatly öwüt-ünde

Dünýä nusgalyk tutumlar

Bagtyýarlyga beslenýän döwrümiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda, durmuşyň ähli ugurlarynda uly ösüşler gazanylýar. Dünýäni haýran edýän şeýle öňegidişlikler halkymyzy çäksiz begendirýär, buýsandyrýar. Her bir raýatyň ata Watanymyza bolan söýgüsini artdyrýar, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu bolsa ähli ulgamlarda dowam edýän tutanýerli hem yhlasly zähmetde, ýokary iş öndürijiliginde aýdyň görünýär. «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Hut şu maksatlardan ugur alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işlerini we «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş şygaryny ýörelge edinýän halkymyz ähli ugurlarda dünýä nusgalyk ösüşleri gazanmagy öňünde borç edip goýýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalara badalga berilýär we milletimiziň ruhy-medeni taýdan galkynmagyna gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

Geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň paýhasly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň edebiýaty, medeniýeti, sungaty dünýäde arzylanyp, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň deňsiz-taýsyz döredijiligi hem halkara jemgyýetçilikde uly gyzyklanma eýe bolýar. Beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralanýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldaryň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen eserleriniň birnäçe dillere terjime edilmegi, onuň edebi mirasynyň dünýä jemgyýetçiligine ýaýylmagy babatdaky işleriň has-da giň gerime eýe bolmagy şahyryň döredijiliginiň umumadamzat ähmiýetine eýediginden habar berýär.

Yhlasly zähmetiň netijesi

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşleri ýurduň ykdysadyýetinde alnyp barylýan işleriň jemleri jemlenende bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu hakykata ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Işlemek, öndürmek, döretmek, gurmak üçin ähli amatly şertleriň we giň mümkinçilikleriň bolan ýerinde üstünlikleriň gazanylýandygy hemmä aýan hakykat. Şanly senelere, toý-baýramlara baý «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň alty aýynda halkymyzyň, döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, uly ruhubelentlik bilen işländiklerini bellemeli. Munuň özi şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünliklerde açyk-aýdyň görünýär. Oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikler hem örän buýsandyrýar. Giňişleýin mejlisde berlen hasabata görä, şu ýyl obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124 göterime barabar boldy. Esasan-da, ussat gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artyg

Beýik maksatlaryň oňyn netijeleri

Watanymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, raýatlaryň abadan durmuşyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Netijede, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgama geçmek, täze iş orunlaryny döretmek boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini geçen hepdäniň wakalary aýdyňlygy bilen subut etdi. 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere garalyp, ýylyň ikinji ýarymy üçin wezipeler kesgitlenildi.

Ýüreklerde alkyş bar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ilatymyzyň ýaşaýyş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak bilen bagly göz öňüne tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa, has-da guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň bagtyýar raýatlaryň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn belläp geçýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekde, Diýarymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmekde alyp barýan işleriniň bu gün giň gerime eýedigini her bir ädimde görmek we duýmak bolýar. Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda 2025-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permana gol çekmegi hem bu babatdaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi.

Durnukly ösüşiň görkezijisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler bilen eziz Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeleýär. Ýurdumyzda adamlaryň bolelin, azat-erkin ýaşamagy ugrunda yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Adam hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalarda, hususan-da, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşini dowam etmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny pugtalandyrmak we ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, şeýle hem pudaklaýyn anyk maksatnamalary işläp düzmekde öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ilatyň maddy hal-ýagdaýyny hil taýdan täze derejelere çykarmak meselesi döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ortaça aýlyk zähmet hakynyň möçberi ýyl-ýyldan ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýakynda, 12-nji iýulda geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde «Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda» Permana gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet köm

Röwşen geljegi nazarlaýan ösüşler

Şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge, maliýe durnuklylygyny üpjün etmäge hem-de eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek aýdyň görkezdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynyň oňyn netijeleri diňe täze ösüşleri alamatlandyrman, eýsem, ýeneki möhüm wezipeleri hem öňde goýdy. Bu wezipeler ýyly üstünlikli jemlemek, geljek ýylda amala aşyryljak işleriň ygtybarly binýadyny goýmak ýaly asylly maksatlardan ugur alýar. Türkmenistanda syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda uly üstünlikleriň gazanylýandygy bu gün hemmä aýan. Amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalar we iri maýa goýum taslamalary ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, nyrhlaryň durnuklylygyny saklamaga, öňdebaryjy pudaklary häzirki zaman ýokary tehnologiýalary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, bu çäreler şu ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetimizi ösdürmäge gö

Kämillik menzillerinde

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, hünär saýlamagy, öz ukyp-başarnyklaryny yzygiderli ýokarlandyryp, öňde goýan maksatlaryny amal etmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüm gurluşynyň we okuw-terbiýeçilik işleriniň yzygiderli kämilleşdirilmeginiň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki döwürde öňde goýlan wajyp wezipeleriň biri hem halkara gatnaşyklar ulgamynda netijeli işläp biljek ýokary taýýarlykly hukukçylary ýetişdirmek bilen baglydyr. Bu babatda geljekki hünärmenleriň ykdysady diplomatiýanyň we halkara arbitraž hukugynyň inçe tärlerini ele almagy möhümdir. Şu jähetden ugur alnyp, institutymyzda halkara arbitraž we işewürlik hukugy boýunça taýýarlygyň täze magistr ugrunyň açylmagy bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylanda, milli kanunçylygyň we halkara hukugyň binýatlyk kadalaryny, halkara söwda-ykdysady, maýa goýum hem-de işewürlik jedelleri ýüze çykan halatynda döwletiň bähbitlerini goramakda wajyp wezipelere aýratyn üns berler.

Milli Liderimiziň eserleri — jemgyýeti öwreniş ylymlarynyň ilkinji çeşmesi

Milletiň asyl gymmatlyklary ýaşaýşyň ýörelgeleri hökmünde täze döwrüň durmuş filosofiýasyny kemala getirýär. Şol filosofiýa jemgyýetiň täzelenýän döwründe milli mirasy özleşdirmegiň ygtybarly guralydyr. Gahryman Arkadagymyz: «Men durmuşyň manysy barada söz açanymda, ony adamzadyň öz geljegine galdyrjak gymmatlyklary bilen bilelikde göz öňüne getirýärin» diýip, adamyň ýaşaýşynyň manysynyň onuň öz durmuşynda bitiren işlerindedigine ünsi çekýär. Milli Liderimiziň ylmy-filosofik eserlerinde adamyň kämil derejä çykmagy, öz bitiren işleri bilen ýaşaýan jemgyýetini, dünýäni gözelleşdirmegi, adamlar bilen düşünişip, haýyr işleri edip, ylalaşykly ýaşamagy baradaky pähim-paýhaslar jemlenendir. Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow baý durmuş we syýasy tejribä eýe bolup, öz pikirlerini aýdyň, düşnükli beýan edip bilýän syýasy Liderdir. Milli Liderimiziň ýazan kitaplary, ylmy-filosofik eserleri çuňňur mana eýe bolup, okyjylar üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Alym Arkadagymyz öz eserleriniň üsti bilen ýurduň ösüş ýoluny kesgitläp, adamlarda geljege bolan ynamy has-da berkidýär. Şol eserler geljekki hünärmenleriň ynsanperwer taýýarlygyny Türkmenistanda bolup geçýän şu günki özgerişlikler bilen baglanyşyklylykda kesgitläp, o

Ruhy halypamyz

«Pähim-paýhas ummany, Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik şahyryň köptaraply döredijiligi dünýä derejesinde has düýpli öwrenilýär. Çeper söz ussadynyň goşgularynyň many-mazmuny ummanlaryň çuňlugyna barabar bolup, parasatly pikirleri biri-biri bilen zynjyr kimin sepleşip gidýär. Aýratyn hem, adamzat bähbitli kesp-kär, hünär öwrenmek meselesi şahyryň dürdäne setirleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyrymyz «Göze myhmandyr» diýen şygrynda: Ýigidiň bolmasa ýaragy, aty,Şony belli biliň, ýokdur gaýraty,Gojaldykça, gider süňňüň kuwwaty,Ýigitligiň zory dyza myhmandyr... —