Watanymyzyň ykdysady kuwwaty — abadan durmuşyň binýady

17 Iýul 2024
215

Täze taryhy eýýamda her bir güni şanly wakalara beslenýän Watanymyzyň ähli ugurlaryny gurşap alan ösüşler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, ýurdumyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bedew bady bilen belent maksatlara tarap öňe barýan   döwletimizde il bähbidine gönükdirilen döwletli tutumlar geljekki ösüşleriň belent sepgitlerini nazarlaýan beýik başlangyçlaryň beýany bolup dabaralanýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde halkymyzyň abadan, bagtyýar we eşretli durmuşy üpjün edilýär. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Täze eýýamda berkarar döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, ähli ugurlar boýunça ykdysady ösüşleri, ägirt uly öňegidişlikleri gazanmaga gönükdirilen işleri alyp barýarys» diýen sözleri hem tassyklaýar. 

Oýlanyşykly we ylmy taýdan işlenip düzülen düýpli özgertmeler ýurdumyzy ösdürmek babatda öňde goýlan aýdyň maksatlara ýetmekde ähmiýetlidir. Ata Watanymyzda halkymyzyň eşretli ýaşamagy, işlemegi, bagtyýar çagalaryň, ýaşlaryň kämil bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin gurlup ulanmaga berilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar ýurdumyzda ynsanperwer işleriň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär.

Handurdy ÝEGENMÄMMEDOW,
Etrek etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar