Yhlasly zähmetiň netijesi

17 Iýul 2024
181

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşleri ýurduň ykdysadyýetinde alnyp barylýan işleriň jemleri jemlenende bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Bu hakykata ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Işlemek, öndürmek, döretmek, gurmak üçin ähli amatly şertleriň we giň mümkinçilikleriň bolan ýerinde üstünlikleriň gazanylýandygy hemmä aýan hakykat. Şanly senelere, toý-baýramlara baý «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň alty aýynda halkymyzyň, döwletimiz tarapyndan döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, uly ruhubelentlik bilen işländiklerini bellemeli. Munuň özi şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli ykdysadyýetimizde gazanylan üstünliklerde açyk-aýdyň görünýär.

Oba hojalyk pudagynda gazanylan üstünlikler hem örän buýsandyrýar. Giňişleýin mejlisde berlen hasabata görä, şu ýyl obasenagat toplumy boýunça önümçiligiň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124 göterime barabar boldy. Esasan-da, ussat gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen berjaý edendikleri baradaky hoş habar her birimizi diýseň begendirdi. Tehniki hyzmatlar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilen gallaçylaryň gije-gündizki irginsiz zähmeti netijesinde ýetişdirilen guşgursak däneler ýurdumyzyň azyk bolçulygyna mynasyp goşantdyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir.

Meýlismyrat MYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Balkan welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.
Beýleki habarlar