"Asudalygyň goragynda" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, 85
Telefon belgileri: 93-00-81, 38-90-62

Makalalar

Serhetçi talybyň ýeňşi

Russiýa Federasiýasynyň «Erudit» ylym-bilim merkezi onlaýn görnüşinde «Erudit online» halkara internet olimpiadasynyň 2021-nji ýyldaky bäsleşiklerini geçirip başlady. Olimpiada dünýä döwletlerinden islendik ýaşdaky raýatlar gatnaşyp, öz aralarynda test görnüşinde bäsleşýärler. Oňa türkmenistanlylaryň, hususan-da, talyp ýaşlaryň hem ençemesi gatnaşýar. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Serhet institutynyň 5-nji ýyl harby talyby Yhtyýar Ulukowyň hem bolmagy bizi has-da buýsandyrdy. Harby talyp Yhtyýar Ulukow halkara internet olimpiadasynda biologiýa we geografiýa derslerinden «Täsin haýwanat dünýäsi» mowzugy boýunça bäsleşdi. Ol bäsdeşleriniň arasynda 3-nji orny eýeläp, «Erudit» ylym-bilim merkeziniň 3-nji derejeli diplomy hem-de bürünç medaly bilen sylaglandy. Ýaran Akmämmedow,kiçi seržant.

Mizemez hukuk goragy

«Biziň hukuk döwletimizde kanun mizemezdir we ähli zatdan ileri tutulýandyr» diýen şygar astynda podpolkownik Döwran Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde hukuk tertibini we harby düzgün-nyzamy yzygiderli pugtalandyrmak üçin hukuk goraýjy we jemgyýetçilik edaralary bilen duşuşyklar guralýar. Şeýle çäreleriň hatarynda, ýakynda welaýat harby prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi Agamämmet Mämiýewiň gatnaşmagynda ähli derejedäki harby gullukçylara hukuk bozulma, jogapkärçiligiň görnüşleri barada düşünje bermek maksady bilen «Hukuk bozulmalara bizde orun ýok!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu terbiýeçilik ähmiýetli duşuşykda kapitan Merjen Juraýewanyň, leýtenant Sapardurdy Agabaýewiň, kiçi seržantlar Şadurdy Şadurdyýewiň, Azymberdi Amanmämmedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryny pugta berjaý etmäge, harby kasama wepaly bolmaga, harby düzgünnamanyň talaplaryny, serkerdeleriň buýruklaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge we her bir harby gullukçynyň öz harby borjuny başarjaňlyk we mertlik bilen ýerine ýetirmäge, harby işi ak ýürek bilen öwrenmäge, harby emläge we döwlet emlägini aýawly saklamaga çagyrýan çykyşlary has-da täsirli boldy. Dinara MURADOWA, maýor.

Sanly ulgamyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow «Hukuk namalary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, Permana gol çekdi. Resminama bilen, «Döwlet pajy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1993-nji ýylyň 29-njy noýabrynda çykaran 1077-nji Permanyna goşmaça girizildi. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam merkeziniň işi bilen tanyşdy

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç. Amanow Sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý. Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş. Durdylyýewi çagyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam merkeziniň işi bilen tanyşdy

Aşgabat, 23-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sanly ulgam merkezine baryp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Häzirki döwürde bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek ileri tutulýan möhüm meseleleriň hatarynda durýar. Bu ýerde döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow Sanly ulgam merkezinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sanly aragatnaşyk pudagynyň öňünde milli Liderimiziň goýan wezipelerini doly ýerine ýetirmek ugrunda maksadalaýyk işler amala aşyrylýar. Munuň özi şol bir wagtda ýurdumyzda giňden ornaşdyrylýan sanly ulgamyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmäge hem gönükdirilendir.

Ýokary guramaçylyk üstünligiň girewidir

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Goňşy ýyrtda dogan bar

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Türkmensähranyň ilatynyň agramly bölegi türkmen diliniň ýomut şiwesinde gürleýär. Eýranda ýaşaýan türkmenler pars dilini hem suwara bilýärler. Türkmenler özleriniň ýaşaýan ähli welaýatlarynda pars, kürt, buluç, arap we beýleki etniki halklar bilen dost-doganlykly gatnaşyklary saklap, agzybirlikde ýaşaýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 22-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna we döwlet durmuşyna degişli birnäçe wajyp meselelere garaldy. Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna, ilki bilen, şol bir wagtyň özünde Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewi çagyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Bagtyň baky mukamydyr Watanym

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki käbir ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, Mejlisiň Başlygyna söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde pudak edaralarynyň maliýe-ykdysady ýagdaýlaryny yzygiderli seljermek hem-de iş ugurlaryny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, durmuş ulgamynyň ösüşine uly üns bermek we täze iş orunlaryny döretmek boýunça meýilleşdirilen çäreler, nebitgaz toplumyna degişli edara-kärhanalarda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işler, möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda ýazky ekişe görülýän taýýarlyk, ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, ýerli çig malyň esasynda içerki we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilýän möçberlerini artdyrmak boýunça

Wajyp ugurlarda beýik maksatlar

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy ähli babatda sazlaşykly ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurt Baştutanymyzyň 19-njy fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem döwlet durmuşyna degişli ugurlarda derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak esasynda taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Ajaýyp üstünlikleriň nyşany

Gün-günden gözel keşbe girýän Aşgabat biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ajaýyp häzirki döwrüni hem-de röwşen geljegini alamatlandyrýar. Ak şäherimiz belent binalaryň, gözelligiň we amatlylygyň, binagärligiň we tebigy gözellikleriň sazlaşygydyr. Ýurdumyzyň baş şäheri batly depginler bilen öz çäklerini giňeldýär, täze ajaýyp künjekleri bilen abadanlaşýar. Paýtagtymyzda gurlan täsin desgalaryň ençemesi, şeýle hem ak mermerli binalaryň dünýäde bir ýere has köp jemlenen şäheri hökmünde Aşgabadyň özi Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Bu bolsa türkmenistanlylaryň hakyky buýsanjydyr. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň nusgalyk mysalydyr. Ol täze gurluşyklaryň gerimi hem-de ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Paýtagtymyz okgunlylyk bilen häzirki zamanyň iri şäherine öwrülip, gün-günden dünýäniň şäherleriniň ýaşamak üçin iň owadanlarynyň we amatlylarynyň biri hökmünde barha ynamly ykrar bolýar.

Bagty çüwen ile serpaý ýaraşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap häkimligine gowşuryldy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan iň ýokary görkezijileri gazanmak ugrunda guralan bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň häkimligine mynasyp bolan baýragyny — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde durmuşa geçirilýän kanunçylyk-hukuk özgertmelerinde jemgyýetiň we döwletiň gymmatly hazynasy bolan adamyň bähbitlerini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak esasy ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şunda ýurdumyzyň hukuk ulgamy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden gözbaş alýar. Hormatly Arkadagymyzyň iki palataly parlament ulgamyna geçmek we kanun çykaryjy ulgamyň işini kämilleşdirmek babatdaky başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolmagynyň düýp özeninde hem milli demokratik ýörelgelere eýermegiň, ata-babalarymyzyň baý tejribesini ulanmagyň, umumadamzat gymmatlyklaryna hormat goýmagyň, öňdebaryjy dünýä tejribesinden peýdalanmagyň möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen eziz Watanymyzda kanunçylyk ulgamy has-da kämilleşdirilýär we hukuk goraýjy edaralaryň jemgyýetçilik kabul edişligi tarapyndan ilatymyza kanunlary düşündirmekde möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Mähriban halkymyz bu gün milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda özüniň konstitusion hukuklaryndan we azatlyklaryndan ýerlikli peýdalanyp, bagtyýar durmuşyň hözirini görüp erkana ýaşaýar, döredijilikli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Milli kanu

Ýurdumyzyň abadançylygynyň hatyrasyna netijeli işler

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer şu aýda ykdysadyýetiň pudaklary tarapyndan geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatlarynda düýpli seljermeleriň esasynda jikme-jik seredilip, pudaklary ösdürmek, alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarydyr öňde goýan wezipelerini nazara almak bilen taýýarlanylan, 2021-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini durnukly saklamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2021-nji ýylda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýerine ýetirilmeli işleriň we çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine hem-de beýleki edaralara Meýilnamada göz öňünde tutulan işleriň we çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.