Bagtyň baky mukamydyr Watanym

22 Fewral 2021
846

19-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýleki käbir ýolbaşçylar hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

"Nesil".
Beýleki habarlar