Mizemez hukuk goragy

24 Fewral 2021
743

«Biziň hukuk döwletimizde kanun mizemezdir we ähli zatdan ileri tutulýandyr» diýen şygar astynda podpolkownik Döwran Meläýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde hukuk tertibini we harby düzgün-nyzamy yzygiderli pugtalandyrmak üçin hukuk goraýjy we jemgyýetçilik edaralary bilen duşuşyklar guralýar. Şeýle çäreleriň hatarynda, ýakynda welaýat harby prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi Agamämmet Mämiýewiň gatnaşmagynda ähli derejedäki harby gullukçylara hukuk bozulma, jogapkärçiligiň görnüşleri barada düşünje bermek maksady bilen «Hukuk bozulmalara bizde orun ýok!» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Bu terbiýeçilik ähmiýetli duşuşykda kapitan Merjen Juraýewanyň, leýtenant Sapardurdy Agabaýewiň, kiçi seržantlar Şadurdy Şadurdyýewiň, Azymberdi Amanmämmedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny, hormatly Prezidentimiziň Permanlaryny pugta berjaý etmäge, harby kasama wepaly bolmaga, harby düzgünnamanyň talaplaryny, serkerdeleriň buýruklaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge we her bir harby gullukçynyň öz harby borjuny başarjaňlyk we mertlik bilen ýerine ýetirmäge, harby işi ak ýürek bilen öwrenmäge, harby emläge we döwlet emlägini aýawly saklamaga çagyrýan çykyşlary has-da täsirli boldy.

Dinara MURADOWA,
maýor.

Beýleki habarlar