Täze ýeňişlere ruhlandyran sowgat
Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri siziň öňüňizde sport üstünlikleriniň täze gapysyny açýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň sport abraýyny artdyrmak, ilkinji nobatda, siziň paýyňyza düşýär. Ata-babalarymyzyň merdana we ýeňişli ýollaryny mynasyp dowam etdirip, siz türkmen türgenleriniň sport ussatlygyny halkara ýaryşlara gatnaşyp, medallary gazanmak arkaly subut etmelisiňiz. Dürli ýaryşlarda ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, eziz Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraý-mertebesini gorajakdygyňyza berk ynanýaryn» diýip, merdana türgenlerimize ýüzlenip aýdan sözleri bu gün olaryň her birini täze-täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine bildirýän belent ynamyny ödemek üçin yhlasyny, ukyp-başarnygyny, zehinini aýamaýan türgenleriň bolsa ýurdumyzyň çar künjeginde müňlerçesi bar. Şolaryň biri-de Balkanabat şä