Ýeňişli ýollaryň gözbaşy

7 Fewral 2024
334

Ýakynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Ýeňil atletika federasiýasynyň guramagynda has güýçli türgenleri ýüze çykarmak we olary halkara derejesindäki bäsleşiklere taýýarlamak maksady bilen, ýeňil atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Şeýle uly bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby türgenleri hem işjeň gatnaşyp, çempionlyk ugrunda ezberlik bilen bäsleşdiler. Ençeme ýyllap çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan gujurly türgen, leýtenant Baýram Gurbandurdyýew 60 metr päsgelçilikli ylgamak görnüşinde bäsdeşlerini yzda galdyryp, ýurdumyzyň çempionlygyny gazanmagy başardy.

Ýurdumyzyň çempionatynda çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan harby talyp Döwletgeldi Baýramowyň hem bu gezek yhlasy myrat boldy. Ol 3000 metr aralyga ylgamak görnüşinde bäsdeşlerinden esli arany açyp, özüniň nobatdaky çempionlygyny yglan etdi. 800 metr aralyga ylgamakda bolsa, harby talyp Yhlas Annagylyjow baýrakly 2-nji orna mynasyp boldy. Şeýle-de uly leýtenant Yhlas Gurbanow we borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Serdar Saparow dagy hem ýokary netijeleri görkezip, ýeňiş üçin mynasyp göreş alyp bardylar. Ýurdumyzyň güýçli sprintleriniň (ýyndamlar) bäsleşigi hasaplanýan 60 metr gysga aralyga ylgamakda geljekde çempionlyga garaşylýan harby talyp Abdyrahman Nurgeldiýew örän ýokary tizlik görkezip, ýeňiş ugrunda mynasyp göreş alyp barmagy hemmeleri haýran galdyrdy.

Maksatmyrat EKBERDIÝEW,
podpolkownik.
Beýleki habarlar