Ýakynda paýtagtymyzda MMA (başa-baş söweş sungaty) boýunça Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasynyň açyk birinjiligi geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli guralan açyk birinjiligiň baş baýragy ugrunda paýtagtymyza, Ahal hem-de Lebap welaýatlaryna wekilçilik eden türgenleriň 200-e golaýy bäsleşdi.
Üç ýaş aratapawudyny öz içine alan birinjilikde uly ýaşly türgenleriň arasyndaky duşuşyklaryň wagt çäkliligi bäş minuta deň boldy. Ýetginjekleriň ringde geçiren wagtlary dört minut bolsa, sportuň başa-baş sungaty görnüşiniň has körpeje wekillerine ýeňijini kesgitlemek üçin üç minut wagt berildi. Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde toparlaýyn bäsleşikde paýtagtymyzyň ýygyndysy öňe saýlandy. Paýtagtly türgenleri bu ýaryşa tejribeli tälimçiler Orazgeldi Orazgeldiýewiň, Hakberdi Şagulyýewiň hem-de Şöhrat Öwezowyň taýýarlandyklaryny bellemek gerek. Gurban Öwezgeldiýewiň, Eşret Gylyjewiň hem-de Halnazar Meredalyýewiň tälimçiligindäki Ahal welaýatynyň ýygyndy topary ýaryşy ikinji orunda tamamlady. Lebap welaýatynyň ýygyndy toparynyň çykyşy bolsa (tälimçisi Şöhrat Allaýew) üçünji orun bilen tamamlandy. MMA görnüşiniň Hanmudo söweş sungaty federasiýasynyň düzümine özbaşdak görnüş hökmünde girizilendigine köp wagtyň geçmändigine garamazdan, ol ýaşlaryň arasynda meşhurlykdan peýdalanýar. Häzirki wagta çenli türgenleriň ýüzlerçesiniň sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýandyklaryny bellemek gerek. Olaryň bäşisi bolsa halkara sport ussatlygyna ýetmegi başardy. Umuman, başa-baş söweşiň birnäçe görnüşini öz içine alýan Hanmudo söweş sungaty federasiýasy bu ugurdaky bäsleşikleri yzygiderli geçirip durýar. Häzirki wagtda başa-baş söweş sungatynyň ussatlary 27—29-njy fewral aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek uniwersal söweş boýunça ýurdumyzyň birinjiligine ykjam taýýarlyk görýärler.