Sport — sagdynlygyň, gözelligiň çeşmesi
«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň gözbaşy hasaplanýan netijeli sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ynsan saglygyny goramakdaky, berkitmekdäki möhüm ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz. Munuň özi tutuş dünýäde ykrar edilen mizemez hakykatdyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň her bir raýatynyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň sporta bolan höwesini artdyrmakda, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýermegini gazanmakda ähli çäreler görülýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary arkaly indi berkarar ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi asylly ýörelgä öwrülen «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly spartakiada hem şunuň ýaly wajyp ähmiýetli sport çäreleriniň biridir. Bu spartakiadanyň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri onuň sporta höwesli köpsanly raýatlary bir ýere jemlemäge, olaryň sportuň dürli görnüşleri baba