Täze çempionlar kesgitlenildi

22 Mart 2024
454

Ýakynda küşt boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty 21 ýaşly harby gullukçynyň we 17 ýaşly mekdep okuwçysynyň ilkinji çempionlygy bilen tamamlandy. Sport ýoluny çempionlyk derejeleriniň birnäçesi bilen bezän beýleki küştçüler bolsa olardan aşakdaky orunlar üçin göreşmeli boldular.

Aslynda, küşt boýunça birinjiliklerdir çempionatlar ýylyň başyndan bäri dowam edip gelýär. Ýöne iki hepdeläp dowam edip, ýakynda tamamlanan ýaryş — Türkmenistanyň Ýokary ligasy şolaryň iň abraýlysy. Çünki Ýokary ligada ýurdumyzyň iň güýçli küştçüleri ýaryşýarlar. Ýaryş erkek we zenan küştçüleriň arasynda aýry-aýrylykda geçirilýär.

Agageldi ITALMAZOW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar