Çempiondan mynasyp başlangyç

20 Mart 2024
355

Geçen ýylyň baharynda döredilip, ilkinji möwsümini goşa baýrak bilen jemlän, gyşda Türkiýe Respublikasynda we Birleşen Arap Emirliklerinde geçiren okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň güýçli toparlarynyň birnäçesi bilen ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirip, halkara tejribesini artdyran «Arkadag» futbol topary ýurdumyzyň çempionatynyň täze möwsümine hem üstünlikli girişdi. 3-nji martda başlanan täze möwsümde topar eýýäm iki ýeňiş gazanyp, ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çenli beýgeldi.

Täze möwsümiň açylyş tapgyrynda dynç alan ýurdumyzyň «akylly» şäheriniň adybir futbol topary 2-nji tapgyrda geçen möwsümiň kümüş medalynyň eýesi — paýtagtyň «Altyn asyr» futbol toparyny 3:0 hasabynda ýeňdi. Toparyň kapitany Arslanmyrat Amanow duşuşygyň 14-nji minutynda tapawutlanyp, «Arkadag» futbol toparynyň düzüminde täze möwsümde ilkinji goly geçirmegi başaran futbolçy boldy. Şondan soň 27-nji minutda Didar Durdyýew, 82-nji minutda bolsa Altymyrat Annadurdyýew tapawutlanyp, çempionyň möwsüme mynasyp girişmegine şert döretdiler.

Agageldi ITALMAZOW.
žurnalist.
Beýleki habarlar